TEHNOLOGIÝA

“Google” we Çili Awstraliýa çenli optiki süýümli kabel çeker

Amerikanyn “Google” korporasiýasy bilen infrastruktura taslamalary bilen meşgullanýan Çiliniň “Desarrollo País” döwlet kompaniýasy  Awstraliýa çenli optiki süýümli kabelini çekmek boýunça şertnama baglaşdylar.

Bu barada Günorta Amerikanyň daşary işler ministrligi habar berýär.

“Walparaiso sebitini Awstraliýa bilen birleşdirjek bu taslama — uzynlygy 14 müň kilometre çenli boljak kabel — Çiliniň XXI asyrdaky ornunyň nähili bolmalydygyny anyk görkezýär: açyk, ynamly ýurt bolup, halkara hyzmatdaşlygyna doly gatnaşmaga we Günorta Amerika bilen Aziýa-Ýuwaş ummany sebitleriniň hem-de Okeaniýanyň arasynda köpri bolmaga çalyşýar” diýip, Çiliniň daşary işler ministri Alberto wan Klaweren aýtdy.

Şertnama boýunça “Google” bilen “Desarrollo País” deň paýly “Humboldt Connect” atly bilelikdäki kompaniýa dörediler.

“Kabeliň 2025–2026-njy ýyllarda çekilmegine garaşylýar, onuň täjirçilik taýdan ulanylmagy bolsa 2027-nji ýylda başlanar” diýip, Çiliniň daşary işler ministrligi belleýär.

Ýene-de okaň

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi

Aşgabat-Astana: Merkezi Aziýada täze sanly ýollar dörediler

Awstraliýada 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin jemgyýetçilik torlar gadagan edildi