SPORT

“Globe Soccer Awards”: Winisius – “iň gowy futbolçy”

Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň hem-de Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Winisius Žunior “Globe Soccer Awards” boýunça 2024-nji ýylyň “Iň gowy futbolçysy” diýlip yglan edildi. Baýrak gowuşyrylyş dabarasy Dubaýda geçirildi.

24 ýaşyndaky Winisius şol bir wagtda iň gowy hüjümçi boldy.

“Real Madrid” topary “Iň gowy topar”, onuň tälimiçisi Karlo Ançelotti bolsa, “Iň gowy tälimçisi” baýragyna eýe boldy.

Hasabat döwründe “Real Madrid” topary Çempionlar ligasynyň kubogyny, UEFA-nyň Superkubogyny, Yklymara kubogy, Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy we Ispaniýanyň çempiony boldy.

Winisius Žunior şol bir wagtda birnäçe hepde ozal, FIFA tarapyndna hem ýylyň iň gowy futbolçysy bolupdy.

20230-nji ýylda iň gowy futbolçy hökmünde “Globe Soccer Awards” baýragyna Kilian Mbappe mynasyp bolupdy. Ol hem häzirki wagtda Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň düzüminde çykyş edýär.

Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň düzüminde ozal çykyş eden we häzirki wagtda Saud Arabystanyda oýnaýan Kristiano Ronaldo hem 2 baýrak aldy.

Oňa Ýakyn Gündogaryň iň gowy futbolçysy hem-de ähli döwürleriň iň köp gol geçiren futbolçysy hökmünde baýraklara mynasyp boldy.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynda çykyşyny tamamlady

Ata Watan Eserleri

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý