DÜNÝÄ

Global klimat krizisi: Kömür plastmassanyň ýanynda gowy bolup galdy

ABŞ-daky Bennington kollejiniň “Beyond Plastics” guramasy tarapyndan geçirilen gözlegde, plastmassadan peýdalanmak netijesinde azyndan 232 million tonna uglerod esasly zyňyndy mukdarynyň, kömür bilen işleýän 116 desganyň ýyllyk zyňyndylaryna deňdigi mälim edildi.

Gözleg hasabatynda, plastmassa pudagynyň zyňyndylarynyň 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 2020-nji ýylda 10 million tonna köpelendigi, bu pudaga girjek 12 desgada gurluşygyň dowam edýändigi we 15 desganyň meýilnamalaşdyryş tapgyryndadygy mälim edildi.

Gözleg, täze desgalar bilen 2025-nji ýyla çenli ýylda 40 million tonnadan gowrak parnik gazlarynyň çykaryljakdygyny we ABŞ-nyň plastmassa senagatynyň howanyň üýtgemeginiň 2030-njy ýyla çenli kömür bilen işleýän elektrik stansiýalaryndan ýokary boljakdygyny ýüze çykardy.

Alymlar ägirt uly daşky gurşaw meselesi bolan plastmassa öndürmek we ýok etmek meselesiniň, infrastruktura býujeti bilen uzak wagtlap jedelleşýär. ABŞ Kongresiniň 31-nji oktýabrda Şotlandiýada geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi konferensiýasynyň gün tertibinde özüne laýyk ýer tapmandygyny bellediler.

 

Türkmenabatdan Moskwa 24-nji uçar gatnawy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistan TDG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň we Tunisiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri