Germaniýanyň Frankfurt şäherinde geçirilen “Turkmenistanyň ykdysadyýet günleri” atly işewürlik forumynyň birinji güni işjeň gepleşiklere we ähmiýetli ylalaşyklara baý boldy. Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin gurnalan bu çäre söwda, maýa goýum we tehnologiýalar ugurlarynda bilelikdäki taslamalara bolan gyzyklanmany görkezýän 230-dan gowrak gatnaşyjyny bir ýere jemledi.
Forumda B2B (işewür-işewür) görnüşinde 86 duşuşyk we B2G (işewür-döwlete) görnüşinde 38 duşuşyk geçirildi, bu bolsa türkmen we german kompaniýalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Bu gepleşikler esasy pudaklary, şol sanda oba hojalygy, ulag, logistika we maýa goýum ugurlaryny öz içine aldy, tejribe alyşmaga we hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri gözlemäge ýardam etdi.
Çärä türkmen tarapyndan jemi 106 adam gatnaşdy: döwlet guramalarynyň 43 we hususy pudagyň 63 wekili. German we halkara tarapdan foruma 126 daşary ýurt raýaty gatnaşdy, bu bolsa jemi 232 gatnaşyjyny emele getirdi. Gurnaýjylar ýokary derejeli gatnaşygy we eýýäm amaly netijelere getiren konstruktiw dialogy belleýärler.
Birinji günüň esasy bölegi özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk barada 12 ähtnama gol çekilmegi boldy. Bu resminamalar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň esasyny goýýar. Esasy ylalaşyklaryň arasynda:
- “Müsaid Hessen” assosiasiýasy (Germaniýa) we “TMT Consulting Group” (Türkmenistan) arasynda ähtnama,
- “Asset Capital” (Germaniýa) we “TMT Consulting Group” arasynda ähtnama;
- “Bey International FDI” (Germaniýa) we “TMT Consulting Group” arasynda ähtnama;
- “John Deere” kompaniýasy we “Ojar Aziýa” hususy kärhanasynyň arasynda ähtnama;
- “Wirtgen Group” (Germaniýa) we “Ojar Aziýa” hususy kärhanasynyň” arasynda Memorandum;
- “John Deere” we «Ýaş Syýahat» hojalyk jemgyýetiniň arasynda ähtnama;
- “Zeppelin Baumaschinen” (Germaniýa) we «Ýaş Syýahat» hojalyk jemgyýetiniň arasynda ähtnama.
Maýn boýundaky Frankfurtda geçirilýän foruma Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy hossarlyk edýär we foruma guramaçylyk we kommunikasiýa goldawyny berýän TMT Consulting Group ýardam edýär.

