BIZNES

Germaniýa wodorod turba geçirijisine goşular

Germaniýa Ispaniýa bilen Portugaliýany Fransiýa bilen birleşdirýän wodorod turba geçirijisiniň gurluşyk taslamasyna goşular. Bu barada Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen Germaniýanyň Kansler Olaf Şolsuň arasynda geçirilen gepleşiklerde degişli çözgüt kabul edildi.

Wodorod turba geçirijisini döretmek taslamasy boýunça geçen ýyl ylalaşyk gazanyldy.

– Biz Portugaliýa, Ispaniýa we Fransiýa ýaly döwletleri birleşdirýän taslamany giňeltmek babatda karar kabul etdik. Bu taslama Ýewropa ýurtlary tarapyndan maliýeleşdiriler. Ol ÝB-niň wodorod strategiýasy esasynda amala aşyrylýar. Turbany Germaniýa çenli eltmek göz öňünde tutulýar – diýlip bellenildi.

Taslama “ýaşyl geçelgäni” döretmek esasynda durmuşa geçiriler. Ol ähli Ýewropany wodorod bilen üpjün etmäge şert döreder.

Barselona bilen Marsel arasynda turba geçirijiniň ilkinji şahasy 2030-njy ýylda ulanmaga berler. Ol Ýewropanyň wodorod zerurlygynyň 10 göterimini üpjün eder. Taslamanyň bahasynyň 2,5 milliard ýewro deň boljakdygy bellenilýär.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler