JEMGYÝET

Geljek, 2022-nji ýylyň şygary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. Bu çärä Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, önümçilik pudaklarynyň işgärleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda täze — 2022-nji ýylyň şygaryny kesgitlemek boýunça öňe sürlen teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda öňe sürlen teklipler boýunça pikir alyşmalar guraldy. Şeýlelikde, halkymyzyň täze ýyly Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen baglanyşdyrmak baradaky arzuw-islegleri nazarda tutuldy. Uly rowaçlyklara beslenip gelýän täze — 2022-nji ýylyň şygarynyň merdana halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrjakdygy bellenildi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy A.Durdyýewa çykyş edip, Kärdeşler arkalaşyklarynyň pudaklaýyn geňeşleriniň, Aşgabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň, welaýatlaryň, etrap birleşmeleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatlarda paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň bagtyýar ilatynyň, dürli pudaklarda döredijilikli zähmet çekýän hünärmenleriň täze ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrmagy teklip edendiklerini aýtdy. Bu şygar bagtly zamanany esaslandyryp, halkymyzy we Watanymyzy täze üstünliklere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza bolan beýik hormat-sarpanyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Maslahatda çykyş edenler öňe sürlen teklibi biragyzdan goldaýandyklaryny aýdyp, milli Liderimiziň asylly başlangyçlary bilen ýurdumyzda asyrlara barabar beýik işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtadylar.

Şeýlelikde, 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrmak baradaky teklip maslahata gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan makullanyldy.

 

Türkmenistan ŞHG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Ýene-de okaň

Türkmen bedewi GDA halklaryny birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň täze saýlanan Beýik liderini gutlady

16-njy aprel: Döwletjan Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri