Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzdan galan milli medeni mirasymyz ürç edilip öwrenilýär. Ýaş nesiller üçin gymmatly hazyna bolan medeni mirasymyzy öwrenmegiň we ony dünýä ýaýmagyň ähmiýeti diýseň uludyr. Hydyr gören türkmen topragynda biziň pederlerimiz ekin ekip bol hasyl almagy başarypdyrlar. Bu toprakdan rysgal tapan türkmen halky alan hasylyndan dürli-dürli önümleri almagyň tärlerini bilipdirler. Akyl-paýhasly pederlerimiz zehinleri bilen kämil zähmet gurallaryny döredip, ony hem durmuş zerurlyklarynda ulanypdyrlar. Olaryň gündelik durmuşda peýdalanan gurallarynyň biri-de künjüden ýag almak üçin ulanylan juwazdyr. Juwaz – bu birnäçe özara baglanyşykly agaç böleklerinden ybarat desga bolup, ol künjiden ýag almak üçin ulanylýan gural. Juwazda künjiden başga-da günebakardan, pagtadan, gawun çigidinden, zygyrdan hem ýag alnypdyr. Juwazyň ýerleşdirilen jaýy aýratyn häsiýete eýe bolupdyr. Pederlerimiz jaýyň giňligini töwereginden juwaza goşulan iş maly arkaýyn aýlanyp hem-de juwaza degişli enjamlar ýerleşdirilip bilner ýaly ululykda gurupdyrlar. Ol jaýa “juwaztam”, “juwazdan” ýa-da “juwazhana” diýilýär, juwazy işledýän adama bolsa “juwazçy” ýa-da “juwazban” diýipdirler. Juwazyň däne döwýän sokusy jaýyň ortasynda ýerleşdirilipdir.
Gadym döwürlerde ata-babalarymyz juwaz ýasap, ondan ýag almagy başarypdyrlar. Bu guraly her bir adama ýasamak başartmandyr. Ýörite juwaz ýasaýan ussalar bolupdyr. Olar juwaz ýasamagyň örän inçe tilsimlerini ulanypdyrlar. Juwazy ata-babalarymyz daş-töweregimizi gurşaýan gözel tebigatymyzda bitýän agaçlardan elde ýasapdyrlar. Juwaz ýasamak üçin güjüm, garaman, tut, igde, söwüt we erik ýaly berk agaçlary ulanypdyrlar. Juwazyň iň esasy böleginiň biri hem sokusydyr. Soky – munuň özi içinde oky aýlanýan, ortasy oýulan ýogyn togalak agaçdyr. Soky esasanam, güjüm ýa-da garaman agaçlaryndan ýasalypdyr. Onuň düýbi 2-2,5 metr çemesi ýeriň aşagyna gömülýär. Ýagny juwaz işledilende gymyldamaz ýaly edilýär. Ýerden ýokarky içi köwlen böleginiň diametri 50-60 sm barabardyr. Juwazyň sokusynda künjiniň owradylýan ýerine “kersen” diýilýär. Sokynyň içindäki ýag ýatagyna “tahýa” diýilýär. Onuň sebäbi ýag ýatagynyň tahýa meňzeş bolanlygy üçindir, ýurdumyzyň käbir künjeklerinde “serhana” hem diýilýär. Jüründik ýa-da tüfe – bu bolsa juwazyň sokusyndaky ýagy ýörite deşilen deşikden akdyrylyp alynýan ýeri. Sokynyň içinde aýlanýan boýy 1,5-2 metr bolan ýogyn agaja “juwaz oky” diýilýär. Juwazyň okunyň soka girýän ujy, sokynyň düýbüne laýyklykda togalak edilip ýasalýar. Ok juwazyň esasy hyzmatyny ýerine ýetirýän bölegidir. Ok – sokynyň içinde aýlanyp, künjüden ýagy çykarýan abzaldyr. Juwazyň oky diňe erik agajyndan ýasalýar. Okuň sokynyň gyrasyna degýän ýeri belli bir derejede ýonulyp inçeldilýär. Juwazyň oky sokynyň içinde aýlananda, sokynyň gyralarynyň sürtülme zerarly zaýalanmagynyň öňüni almak üçin, onuň içine erik agajy kakylýar. Oňa “beşke” ýa-da “begçe” diýilýär. Kemança ýa-da kemalça – bu juwaz okuna kündäniň agramyny bermek üçin ulanylýan gural. Ol erik ýa-da igde agajyndan ýasalýar. Kemançanyň ýokarky bölegi tirsek ýaly gutarýar we onuň aşaky tarapy oýulan bolup, oňa okuň ýokarky ujy geýdirilýär. Juwaz okunyň ýokarky ujy üstünden geýdirilýän kemançanyň oý ýerine laýyk edilip ýonulýar. Kemançanyň iň ýokarky ujuny bolsa “arkanlyklar” daňylar ýaly onuň ýeri ýonulyp goýulýar.
Arkanlyk – bu juwaz işledilende deňagramlylygy saklamak üçin “arşlar” bilen kemançany birikdirýän ýüpdir. Arş juwazda iki sany bolup, ol “bil agaja” we kündä birikdirilýär. Bil agaç – arşa birikdirilip, juwazyň daşyndan aýlanýan bölegidir. Arş we bil agajy ýasamak üçin erik we igde agajy ulanylypdyr.
Künde – bu kemançanyň kömegi bilen oka agram bermek, arkanlyklaryň arşa daňylmagy bilen oky aşaklygyna dartmak üçin ulanylýar. Kündäniň üstüne daşdan ýükleri ýüklemek bilen juwazçy özüne gerek agramyny alýar.
Pälwan agaç – kündäniň üstündäki dik duran we örän berk berkidilen agaçdyr. Pälwan agajy bilen okuň üstünden geýdirilýän kemança özarasynda ýüpüň kömegi bilen birleşýär. Ol birikdiriji ýüpe “çowzun” diýilýär. Çowzun öňler gaýyşdan hem edilipdir.
Ukuryk – bu juwazyň bir bölegi bolup, ol pälwan agaç bilen düýäniň boýnuny birleşdirilýär, ýagny düýe aýlananda okuň hem sokynyň içinde aýlanmagyna ýardam edýär. Düýäniň arkasyndan aýlanýan aýlow görnüşli agaja çenber ýa-da çemmer diýilýär. Çenber söwüt agajyndan ýasalypdyr. Onuň düýäniň arkasyna zyýan bermezligi üçin ulanylýan ýasy agajyna “ýerçe” diýilýär. Düýäniň egri boýnunyň gutarýan ýerine, ýagny onuň juwazy çekmegi üçin agaç abzalyň çenberiň geýdirilýän ýerine iki-üç gat edip keçe düşeýärler.
Juwaza goşulan malyň iki ýanyndan geçýän we çenber bilen yzky agaja birikýän agaja “ýakaagaçlar” diýilýär. Ýakaagaçlar bilen arşyň biri-birine birikdirýän agaja “yz agaç” diýilýär.
Juwazy işletmek üçin iş maly hökmünde at, öküz, düýe, gatyr ýaly güýçli hem çydamly mal ulanylýar. Köplenç ýagdaýda düýe maly goşulyp işledilipdir. Düýä juwazly jaýa girmegi ol heniz kiçi köşek wagty öwredýän ekenler. Ony ilki iki-üç adam bolup göterip girizipdirler. Şonda oňa içine giren dessine künji, künjiarasyny beripdirler. Birnäçe hepdeläp juwazhana giren köşek soňra öwrenişýär. Düýäni juwaza goşmazdan öň onuň gözlerine arassa keçe ýüňünden tikilen “gözlük” bilen daňylypdyr. Ol mal birsyhly aýlanyp duransoň, gözlük düýäniň başy aýlanmazlygy, aýlawdan göni we eýesi duruzýança durman ýöremegi, gözüne hiç zat degmezligi, daş-töwerege seredip, işden ünsüni bölünmezligi üçin gerek.
Juwaz işledilende on kilogram künjiden 4-4,5 litr töweregi ýag alynýar. Munuň üçin juwazy iki-üç sagat işletmeli bolýar. Juwaz bir gije-gündiziň dowamynda 350 kilogram künjüden 150 litr töweregi ýag çykarýar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň etnografiýa zalynyň bir bölüminde hem juwaz saklanylýar. Bu juwaz Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Ýusup Gurbanow daýhan birleşiginiň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi tarapyndan 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrylýar. Ata-babalarymyzdan miras galan bu gymmatlygy gorap saklamak her bir adamyň borjy bolup durýar. Döwlet muzeýinde saklanylýan her bir gymmatlyklar muzeýiň ylmy işgärleri tarapyndan ylmy taýdan öwrenilip, olar barada gymmatly maglumatlar toplanylýar. Toplanylýan ylmy maglumatlar muzeýiň ekskursawodlary üçin muzeýi görmäge gelýän myhmanlara baý medeni mirasymyzy ekspozisiýada gürrüň bermäge ýeterlik maglumatlar bilmäge uly kömek boýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýag öndürýän döwrebap zawodlaryň gurulýandygyna garamazdan, oba ýerlerinde juwazdan hem giňden peýdalanylýar. Bu bolsa ata-babalarymyzyň meşgul bolan käriniň saklanyp gelinýändigini görkezýär we onuň ýitip gitmeginiň öňüni alýar.
Ogulmaral Orazowa
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet
merkeziniň Döwlet muzeýiniň esasy hünärmeni
