BIZNES

Geçen ýyl Türkmenistanda 8,8 million manada golaý nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy

2019-njy ýylyň 12 aýynda Türkmenistanda bank kartlarynyň üsti bilen geçirilen jemi hasaplaşyklaryň düzüminde nagt däl hasaplaşyklaryň paýy 16 göterim bolan bolsa, 2020-nji ýylyň 12 aýynda bu görkeziji 34,4 göterime deň bolup, 2,16 esse artdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Bu görkeziji 2013-nji ýyldan bäri alnanda has ýokarydyr. Neşirde getirilýän maglumatlara görä,  ýurdumyzda ornaşdyrylan döwrebap bank hyzmatlary arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň möçberleri 2013-nji ýylda 4226,00 müň manat bolan bolsa, 2020-nji ýylda 8 792616,00 müň manat möçberine ýetdi. Ýöne hasaplama bilen ösüşiň 2080 esseden hem gowrak bolandygyny görýäris.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň oktýabr aýyndaky «Pul we alyş-çalyş amallarynyň meseleleri hakynda» Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň we olaryň tabynlygyndaky edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklaryny, beýleki töleglerini bank kartlarynyň üsti bilen bermek ýola goýuldy.

 

UEFA Ýewropa Ligasy: “Tottenhem” ýaryÅŸdan çykdy

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler