JEMGYÝET

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçiriler

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisi 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanda geçiriler. Bu barada Täjigistan metbugaty habar berýär.

“Biz muny Türkmenistana bildirilýän hormat hökmünde kabul edýäris” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň GDA-daky başlyklyk döwrüniň esasy maksatlarynyň Arkalaşygyň giňişliginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, GDA ýurtlarynyň halklarynyň abadançylygyny we durmuş hilini ýokarlandyrmakdygyny belledi.

Bellenilip geçilişi ýaly, Täjigistanyň paýtagtynda GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçirildi.

Related posts

Dünýä çempionaty başlady: Meksika we Günorta Koreýa ýeňiş gazandy

Aşkabat 2017 Oyunlarının açılış ve kapanış törenine hazırlıklar başladı

vepa

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers Aşgabada geldi

Ata Watan Eserleri