DÜNÝÄ

Gazak milli agrar ylmy-barlag uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi

2025-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Gazagystanyň Almaty şäherindäki Gazak milli agrar ylmy-barlag uniwersitetinde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat guraldy.

Uniwersitetiň mejlisler zalynda Almaty şäherinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylara 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň netijeleri hem-de  «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Konstitusion kanunyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berildi.

 

Mundan başga-da, talyplaryň ünsi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere, şol sanda Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak forumyna görülýän taýýarlyk barada maglumatlar ýetirildi.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň garaşsyz ösüş ýyllaryndaky üstünlikleri barada wideoşekiller görkezildi. Türkmen we gazak talyplary tarapyndan milli «Кüştdepdi» tansynyň ýerine ýetirilmegi bolsa, iki ýurduň arasyndaky dostlugyň we medeni ugurdaky özara gatnaşyklaryň özboluşly alamatyna öwrüldi.

Soňra Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekili uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşykda türkmen talyplarynyň bilim almagy we okuw şertleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy