Gazagystanyň Türkmenistandaky Ilçisi Nurlan Nogaýew Aşgabat şäherinde öz ýurdunyň milli baýramy – Respublika Güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirdi. Dabarada Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan maliýe-ykdysadyýet pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow gatnaşdy.
Ilçi Nogaýew we maşgalasy myhmanlary “Ýyldyz” myhmanhanasynyň girelgesinde garşylady. Dabara ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň agzalary, “Ata Watan Media” toparynyň wekilleri hem gatnaşdy.

Dabara Gazagystan Respublikasynyň Atyrau sebitiniň döredijilik toparynyň hem gatnaşmagy dabara aýratyn öwüşgin berdi. Goňşy Gazagystanyň döredijilik toparynyň sungat işgäleri, aýdymçylary özleriniň çykyşlary bilen myhmanlara ýatdan çykmajak duýgulary döretdi.
Dabarada çykyş eden Gazagystanyň ilçisi Nurlan Nogaýew öz çykyşynda Gazagystanyň gazanan üstünliklerini, ýurduň ählumumy howpsuzlyga we durnukly ösüşe goşýan goşandyny, şeýle hem özara ynam we strategik hyzmatdaşlyk esasynda Türkmenistan bilen berkäp barýan gatnaşyklaryny belledi.
Gazagystanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň arasynda BMG-niň ählumumy başlangyçlaryna gatnaşmak, syýasy-ykdysady diplomatiýany berkitmek we durnukly ösüşe ýardam etmek bar diýip, bellemek bilen ilçi Gazagystanyň ykdysady üstünlikleri barada durup geçdi.

Ilçi hususan-da, garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň jemi içerki önümi (JIÖ) 16 esse artyp, 2024-nji ýylda 288 milliard dollara ýetendigini, ilatyň jan başyna düşýän girdejisiniň 14,4 müň dollary düzendigini, bu bolsa Gazagystany ýokary girdejili ýurtlaryň toparyna ýakynlaşdyrandygyny aýtdy.
Şeýle hem gazak ilçisi 30 ýylyň içinde ykdysadyýete 400 milliard dollardan gowrak maýa goýumlaryň çekilendigini belläp, bu bolsa oňaýly maýa goýum şertlerinden we halkara bileleşigiň ynamyndan habar berýändigini aýtdy.
Ilçiniň çykyşynda aýratyn üns hili taýdan täze ösüş tapgyryny başdan geçirýän gazak-türkmen gatnaşyklaryna gönükdirildi. Nogaýew ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýe bolmagynda iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň – Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tagallasynyň uludygyny belledi.

Gazagystan bilen Türkmenistan ulag, logistika, energetika we oba hojalygy pudaklarynda özara hereketleri işjeň ösdürýärler. Gazagystanyň çäklerinden türkmen gazy üstaşyr geçirilýär, “Gazagystan – Türkmenistan – Eýran” demirýoly, Pars aýlagynyň ýurtlaryna iň gysga ýol bolup hyzmat edýär. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hem berkidilýär. 2024-nji ýylda Astanada türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi, Aşgabatda bolsa gazak akyldarlary Abaý Kunanbaýewiň we Kurmangazy Sagyrbaýulynyň ýadygärlikleri oturdyldy, diýip ilçi belledi.
Maliýe-ykdysadyýet pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow hem öz çykyşynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda giň hyzmatdaşlyk alyp barýandygyny belledi.
Wise-premýer Gazagystanyň Türkmenistanyň daşary söwda gatnaşyklarynda ilkinji onlukda orun alýandygyny belläp, 2025-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda söwda dolanyşygynyň geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 13.1 göterim artandygyny belläp geçdi.
Resmi çykyşlardan soňra dabara gatnaşyjylara hödür-kerem edildi. Şol bir wagtda Gazagystanyň Atyrau sebitiniň döredijilik topary özleriniň çykyşlaryny ýerine ýetirdi.
Gazak aýdymçylary gazak hem-de daşary ýurt dillerinde dürli aýdymlary ýerine ýetirip, dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdylar.
