JEMGYÝET

Gazagystanyň Prezidenti BMG-niň gurluşynda Halkara suw guramasyny döretmegi teklip etdi

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan goruma gatnaşdy

Kasym-Žomart Tokaýew forumdaky çykyşynda ählumumy suw diplomatiýasyny ösdürmegiň möhümdigini belläp geçdi.

— BMG-niň ulgamynda diňe suw meselelerine ünsi jemleýän ýöriteleşdirilen gurluş ýok. Şonuň üçin Gazagystan BMG-niň dürli guramalarynyň ähli bar bolan ygtyýarlyklaryny birleşdirip biljek Halkara suw guramasyny döretmegi teklip edýär. Iň amatly ugur BMG-niň Suw Guramasynyň (UN-Water) edaralarara mehanizmini doly hukukly ýöriteleşdirilen agentlige ýa-da BMG guramasyna öwürmek bolup biler. Şeýle başlangyjy durmuşa geçirmek BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär we elbetde, ähli halkara bileleşiginiň bähbitlerine jogap berýär. Indiki ýylyň aprel aýynda Astanada sebit ekologiýa sammiti geçiriler, onda Gazagystan ählumumy suw guramasyny döretmek boýunça halkara geňeşmeleri prosesine girişmäge niýet edinýär – diýip, Tokaýew nygtady.

Kasym-Žomart Tokaýew Aşgabat forumynyň gyzyklanýan döwletleriň döredijilikli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine, birek-birege ynam esasynda adalatly dünýä tertibini gurmak boýunça halkara tagallalaryna güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Halkara forumda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Yragyň Prezidenti Abdul Latif Raşid, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, San-Tome we Prinsipiniň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze, Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif, Mýanmanyň Premýer-ministri Nýo So, Eswatininiň Premýer-ministri Rassel Dlamini dagylar hem çykyş etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi