DÜNÝÄ

Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary – Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Galymjan Koýşybaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlardaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginde ýokary we iň ýokary derejedäki yzygiderli saparlaryň we gepleşikleriň möhüm orun eýeleýändigi aýratyn nygtaldy.

Taraplar şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän birnäçe ikitaraplaýyn çäreleriň, şol sanda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň sebit we halkara formatlarynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyna ýokary baha berildi.

Ýene-de okaň

Özbegistan-Gazagystan: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça «ýol kartasyna» gol çekildi

Hindistanly raýat 31 ýurtdan 858 sany kagyz guty ýygnap, rekord goýdy

Türkmen zyýaratçylar Saud Arabystanyda gurbanlyk sadakasyny berdi

BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler

Putiniň Gazagystana sapary: milliardlyk maýa goýumy we sürüjisiz gatnawlar

Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy