MEDENIÝET

Gazagystanda Ginnesiň täze rekordy goýuldy

Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde “Parahatçylyk sazy” ady bilen aýdym-sazly konsert geçirildi. Bu aýdym-sazly dabara Gazagystanda geçirilen Dünýä we däp bolan dinleriň ýolbaşçylarynyň VII kongresiniň çäklerinde boldy.

Bu konsert maksatnamasy düzüminde köp milletiň wekilleri bolan orkestra hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Gazagystanyň resmi habarlar agentliginiň habar bermegine görä, konsert Gazagystanyň paýtagtyndaky Parahatçylyk we ylalaşyk köşgünde geçirildi.

Şeýlelik bilen, «Iň köp milletli orkestriň» düzüminde 51 ýurtdan 75 sany dürli milletiň wekilleri çykyş etdi. Sazandalar dünýäniň we Gazagystanyň görnükli kompozitorlarynyň döredijiliginden meşhur sazlary ýerine ýetirdiler.

Bu rekord «Ginnesiň Rekordlar Kitabynyň» emini Jek Brokbenk tarapyndan hasaba alyndy. Ol orkestri sylaglamak üçin ýörite gazak paýtagtyna geldi.

 

 

 

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi