BIZNES

Gazagystan 2025-nji ýylda 70 milliard ABŞ dollaryndan gowrak möçberde ylalaşyklara gol çekdi

Gazagystan 2025-nji ýylda 70 milliard ABŞ dollaryndan gowrak möçberde ylalaşyklara gol çekdi. Bu barada ýurduň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew «Türkistan» gazetine beren interwýusynda belläp geçdi.

— Iň ýokary derejedäki daşary syýasy çäreleriniň işjeň tertibi Gazagystanyň abraýynyň artandygyny, halkara hukugynyň subýekti hökmünde netijeli bolandygyny görkezýär. Daşary ýurtlara amala aşyrylan saparlardan başga-da, Aziýanyň, Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň döwletleriniň ýolbaşçylary Astanada saparda boldular.

Her bir gepleşigiň aňyrsynda ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň, dünýä arenasyndaky özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri durýar. Geçen ýylda ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan pudaklaryny ösdürmek maksady bilen 70 milliard dollardan gowrak möçberde resminamalara gol çekildi, — diýip ol aýtdy.

Ýene-de okaň

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler