DÜNÝÄ

Gaýtadan dikeldilýän energiýa näme?

Gaýtadan dikeldilýän energiýa – bu energiýanyň sarp ediliş tizliginden has çalt täzelenýän tebigy çeşmelerden alnan energiýadyr. Şeýle çeşmeleriň mysaly hökmünde Gün şöhlesini we ýeli görkezmek bolar. Gaýtadan dikeldilýän çeşmeler örän uly möçberde energiýa bilen üpjün edip bilýär we olar biziň töweregimizde köp duşýar.

Muňa garşylykda, kömür, nebit we gaz ýaly ýangyçlar täzelenmeýän çeşmelerdir we olaryň emele gelmegi ýüz millionlarça ýyl dowam edýär. Energiýa öndürmek üçin bu ýangyçlaryň ýakylmagy netijesinde uglekislot gazyna meňzeş zyýanly parnik gazlary bölünip çykýar.

Gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden energiýa almak, kömürli ýangyçlary ýakmak bilen deňeşdirilende, has az zyňyndylara sebäp bolýar. Häzirki wagtda zyňyndylaryň aglaba bölegi kömürli ýangyçlara degişlidir, şonuň üçin klimat krizisini ýeňip geçmekde olaryň ýerine täzelenýän çeşmeleri ulanmak örän möhümdir.

Şu günki gün dünýäniň köp ýurtlarynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri has arzan we olar kömürli ýangyçlara garanyňda üç esse köp iş ýerini döredýär.

GÜN ENERGIÝASY
Gün energiýasy ähli energetika çeşmeleriniň arasynda iň köpdür we hatda bulutly howada hem ulanylyp bilner. Zeminiň Gün energiýasyny özleşdiriş tizligi adamzadyň energiýa sarp edişinden takmynan 10 müň esse ýokarydyr.

Gün tehnologiýalary ýylylyk, sowadyş, tebigy yşyklandyryş, elektrik energiýasy we ýangyç öndürmek üçin ulanylyp bilner. Bu tehnologiýalar Gün şöhlesini fotoelektrik paneller ýa-da şöhleleri jemleýän aýnalaryň kömegi bilen elektrik energiýasyna öwürýär.

Her bir ýurt Gün energiýasy bilen deň derejede üpjün edilmedik bolsa-da, olaryň her biri Gün arkaly öz energiýa balansyna uly goşant goşup biler.

Soňky on ýylda gün panelleriniň önümçilik bahasy ep-esli derejede arzanlady, bu bolsa olary diňe elýeterli däl, eýsem köplenç iň arzan energiýa çeşmesine öwürdi. Gün panelleriniň hyzmat möhleti takmynan 30 ýyl bolup, olar öndürilen materialyň görnüşine görä dürli reňklerde bolýar.

ÝEL ENERGIÝASY
Ýel energiýasy hereket edýän howanyň kinetiki energiýasyny ulanyp, uly turbinalaryň kömegi bilen energiýa öndürýär. Bu turbinalar gury ýerde (ýerüsti ýel elektrik stansiýalary) ýa-da deňiz/suwlarda (deňiz/kenar ýel stansiýalary) ýerleşdirilýär. Ýel energiýasy müňýyllyklardan bäri ulanylýar, ýöne soňky ýyllarda onuň tehnologiýasy has beýik turbinalar we giň aylanýan bölekler arkaly energiýa öndürilişini artdyrmak üçin ösdi.

Ýeliň ortaça tizligi sebitden sebite üýtgese-de, dünýä boýunça tehniki mümkinçilikler häzirki elektrik öndürilişinden has ýokarydyr we dünýäniň köp regiony ýel energiýasy üçin ýeterlik mümkinçiliklere eýedir.

Köplenç güýçli ýeller uzak ýerlerde bolýar, şonuň üçin şeýle ýerler ýel energiýasy üçin has amatly bolup biler. Deňiz ýel energiýasy hem ägirt uly potensiala eýedir.

GEOTERMAL ENERGIÝA
Geotermal energiýa – bu Zeminiň içinden gelen ýylylygyň peýdalanmagydyr. Bu ýylylyk geotermal howdanlardan burawlamak ýa-da beýleki usullar bilen alynýar.

Tebigy taýdan gyzgyn we geçirijilikli howdanlar gidrotermal howdanlar diýip atlandyrylýar, olaryň mümkinçilikleri gidrawlik usulda ýokarlandyrylan ýagdaýynda bolsa, olar döwrebap geotermal ulgamlardyr.

Ýer ýüzüne çykýan dürli temperaturaly suwlar elektrik energiýasyny öndürmek üçin ulanylyp bilner. Gidrotermal çeşmelerden elektrik öndürmek tehnologiýasy ençeme ýyllap ulanylyp gelinýän ygtybarly we ösen tehnologiýadyr.

GIDROENERGETIKA
Gidroenergetika suwuň ýokarydan aşak geçýän hereket energiýasyny ulanýar. Bu energiýa suw howdanlary ýa-da derýalar arkaly alnyp bilner. Howdanly gidroelektrik stansiýalar suw ýygnamak arkaly işleýär, derýa gidroelektrik stansiýalary bolsa derýanyň akymyndan peýdalanýar.

Gidroenergiýa suw üpjünçiligi, suwaryş, suw joşmalaryna garşy göreş, gurakçylyk döwründe suw saklamak, gämi gatnawy we energiýa bilen üpjün etmek ýaly birnäçe maksada hyzmat edýär.

Häzirki wagtda gidroenergiýa elektrik energiýasy pudagynda iň uly gaýtadan dikeldilýän çeşme bolup durýar. Emma onuň öndürilmegi ýagyş möwsümleriniň durnuklylygyna baglydyr we klimat üýtgemeleri ýa-da ekoulgamdaky özgerişler bilen täsirlenip bilýär.

Gidroenergiýa üçin zerur bolan infrastruktura hem ekoulgama zeper ýetirip biler. Şonuň üçin köp adamlar kiçi gidrostansiýalary ekologiýa taýdan has amatly saýlap bilýärler, esasan hem uzak ýerlerde ýaşaýan ilat üçin.

UMMAN ENERGIÝASY
Umman energiýasy – bu deňiz suwunyň kinetiki we ýylylyk energiýasyny ulanyp elektrik ýa-da ýylylyk öndürmek üçin tehnologiýalaryň ulanylmagydyr. Mysal üçin, tolkunlardan ýa-da tolkun akymlaryndan peýdalanylýar.

Bu ugurda tehnologiýalar entek ösüş basgançagynda bolup, birnäçe enjam prototipi synagdan geçirilýär. Teoretiki taýdan, okean energiýasy adamzadyň energiýa zerurlyklaryny doly kanagatlandyryp biler.

BIOENERGIÝA
Bioenergiýa agaç, kömür, tezek ýaly organiki serişdelerden, şeýle hem oba hojalygynda ulanylýan ösümliklerden öndürilýär. Ol ýylylyk, elektrik energiýasy we suwuk biýangyçlar üçin ulanylýar. Bioenergiýanyň köp bölegi oba ýerlerinde, esasan hem ösüş ýolundaky ýurtlaryň garyp ilaty tarapyndan ulanylýar.

Zamanyň talabyna laýyk bioenergiýa ulgamlaryna ýörite ösdürilýän ösümlikler, oba we tokaý hojalygyndan galýan galyndylar, şeýle hem dürli organiki galyndy akymlary girýär.

Biomassany ýakmak bilen energiýa öndürilende parnik gazlary çykýar, ýöne kömürli ýangyçlara garanyňda has az. Şeýle-de bolsa, bioenergiýany giň gerimde ulanmak tokaýlaryň kesilmegine, ýerleriň peýdalanlyşynyň üýtgemegine we daşky gurşawa howp salmagyna sebäp bolup biler. Şonuň üçin ony çäkli derejede ulanmak maslahat berilýär.

Şamil Roznazarow, žurnalist. 

Ýene-de okaň

ABŞ-da “six seven” (6–7) sözi ýaşlaryň arasynda trend boldy

Eýran bilen Türkmenistan Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy

Aşgabatda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak baradaky goşantlaryna jemgyýetçiligiň gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Prezidentlerine Lew Tolstoý baýragy gowşuryldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary

Täze ýyl baýramy mynasybetli göçme söwdalar geçirilýär

Ata Watan Eserleri