PEÝDALY MASLAHAT

Gaýnag suwuň peýdalary

Her gün azyndan 2 litr suw içmegiň saglyk üçin iňňän uly peýdasynyň bardygyny lukmançylyk ylmy bireýýäm subut etdi. Eýsem, suwy gaýnadyp içmegiň saglygymyza nähili peýdasy barka? Milli we döwrebap lukmançylykda gaýnag suwuň peýdasy barada köp ýerde agzalýar. Biz gündelik neşirlerde çap edilýän makalalara salgylanyp, öz okyjylarymyza gaýnag suwuň peýdalary barada käbir maglumatlary ýetirmegi makul bildik.  Ine, olaryň käbiri:

ir bilen ajöze içilen gaýnag suw, ilki bilen, bokurdaga, soň­ra-da içegelere ýygnanan ownuk hapalary ýuwup aýyrýar. Lukmançylykda hapalary tämizlemekde gaýnag suwuň has peýdalydygy tassyklanandyr;

— mälim bolşy ýaly, suwuň gaýnamagy bilen, onuň düzümindäki saglyk üçin käbir zyýanly bakteriýalar aýrylýar. Şonuň üçin çagalara, köplenç, gaýnap, sowan suw bermek maslahat berilýär;

— gök önümleri hem gaýnag ýada gyzgyn suw bilen çaýkamak has peýdalydyr;

 — horlanmak isleýän adamlara ilkinji emleriň biri hökmünde içine biraz limon sykylan gaýnag suw içmegi endik edinmek maslahat berilýär;

— gaýnag suw bokurdakda we burunda dümew ýa-da başga täsirler arkaly dörän dykylmalary açmagyň bire-bir emidir;

— ses bilen köp işleýän adamlara (aýdymçylara, alypbaryjylara) di­ňe çykyş edýän wagtynda däl, eýsem, hemişe gaýnag suw içmegi endik edinmek maslahat berilýär. Bu olaryň sesiniň hemişe dury we belent bolmagyna oňyn täsir edýär;

— gaýnag suw gan basyşynyň peselmegi we beýgelmegi ýaly ýagdaýlar üçin hem peýdalydyr. Ol ganyň basyşyny kadalaşdyrýar;

— gaýnag suwuň bedeniň dürli wiruslara garşy göreşijiligini ýokarlanmakda, çuslugy, çalasynlygy artdyryp, özü­ňi ýe­ňil duýmakda, dümewiň öňüni almakda, degna dartgynlylygyna garşy göreşmekde we ony gowşatmakda, zehini ýiteltmekde, saçyň düşmeginiň öňüni almakda peýdasy uludyr.

Ýene-de okaň

Türkiýä talyp wizasyna ýüz tutmak isleýänler üçin bildiriş

Ata Watan Eserleri

Ýaldyrak dogdy

Türkmenistan boýunça 28-nji iýul-3-nji awgust aralygyndaky howa maglumaty

Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy şulary ýatladýar

Ata Watan Eserleri

Fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan haýyr-sahawat işiniň hem-de haýyr-sahawat bagyş etmeleriniň hukuk esaslary kabul edildi

Aşgabat bilen Awazanyň arasynda ikinji gündelik awtobus gatnawy ýola goýulýar

Ata Watan Eserleri