SPORT

Gawi “Golden boy” baýragyna mynasyp boldy

Futbol dünýäsiniň ýaş futbolçylaryna gowşurylýan “Golden boy” baýragyna üstümizdäki ýylda Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň ýarymgoragçysy Gawi mynasyp boldy. 7-nji noýabrda Turin şäherinde futbolça baragy gowşurylar.

Mundan ozal, 18 ýaşyndaky futbolçy iň ýaş futbolça berilýän Raýman Kop baýragyna mynasyp bolupdy.

“Tuttosport” neşiri tarapyndan Ýewropada iň ýaş futbolça berilýän “Golden boy” baýragyna 20 futbolçy dalaşgär görkezildi.

Gawi bilen bir hatara bu baýraga Jamal Musiala, Jud Bellingem, Eduardo Kamawinga we beýleki futbolçylar bar.

2021-nji ýylda “Golden boy” baýragyna “Barselona” toparyndan Pedri mynasyp bolupdy.

Related posts

Konor Makgregoryň tutluşygy ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan “Ýüpek ýoly” rallisini guramagy meýilleşdirýär

Çempionlar ligasy: “Bawariýanyň” rekordy, “Galatasaraýyň” Angliýadaky ilkinji ýeňşi

Leave a Comment