JEMGYÝET

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy: 30 iri desga ulanmaga berler

Şu ýyl ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň toýy toýlanýar. Üstümizdäki ýylda 30 iri önümçilik we medeni maksatly binalaryň ulanmaga berilmegi göz öňnüde tutulýar. Bu barada “orient.tm” internet neşiri habar berýär.

30 iri desganyň 5-si eýýäm ýanwar aýynda ulanmaga berildi. Olar – “Malaý” ýatagyndaky gaz gysyjy desga, Akina-Andhoý demirýol şahasy, Ymamnazar-Akina we Serhetabat-Turgundi optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, Kerkiden türkmen-owgan serhedine çenli elektrik geçiriji ulgamy.

30 iri desga ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny alamatlandyrýar. Ýakyn wagtda ulanmaga beriljek desgalar barada aýdylan aprel aýynda – Aşgabadyň günortasyndaky täze Hökümet münberi, Halkara Kongres merkezi, “Arkadag” myhmanhanasy, “Türkmenbaşy” we “Senagat” banklarynyň edara binalaryň ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär.

Maý aýynda – paýtagtymyzyň demirgazygyndaky köpugurly işewürler merkezli kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň we onuň ýanyndaky ýerasty geçelgeli seýilgäh toplumynyň açylmagy göz öňünde tutulýar.

Iýun aýynda – Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi, 300 müň orunlyk Daşoguz we Türkmenabat şäherlerindäki “Ak öý” binasy, şeýle hem Kerki şäherindäki howa menzili we beýleki desgalaryň açylyş dabaralaryny gurnamak maksat edinilýär.

Iýul aýynda Balkanabat şäherindäki “Ak öý” binasynyň, mundan başga-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmsi tarapyndan gurulýan Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň Aşgabat-Tejen böleginiň açylmagyna garaşylýar.

Şu ýylyň tomsunda Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplaryndaky iri dokma toplumlarynyň, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky kuwwaty 432 megawatt bolan gaz turbinaly elektrik bekediniň ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda nobatdaky kottejler toplumy ulanmaga berler. Aşgabatda we Daşoguzda köp öýli ýaşaýyş jaýlary ulanmaga tabşyrylar. Ýylyň ahyryna çenli Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň birinji tapgyry, Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerinde köpugurly lukmançylyk merkezleriniň hem ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda gurluşyk pudagyna köp möçberde maýa goýumlar goýberilýär. Şu ýylyň 12-nji fewralynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz bu pudagy 38 milliard dollar möçberinde maýa goýumlaryň gönükdirilendigini, 2020-nji ýylda umumy bahasy 8 milliard dollara barabar bolan 45 iri desga ulanmaga berlendigini belläpdi.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz düýn Kompýuterlerdäki “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny уланып билерлер. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

Ýene-de okaň

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy