SIZDEN GELENLER

Garaşsyz, Bitarap Watana söýgi — ýaş nesliň mukaddes borjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli hemmetaraplaýyn kämil edip ýetişdirmekde döwlet derejesinde toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň, toplumlaýyn çäreleriň çäginde Watanyň beýik geljegi, halkyň ykbaly ugrunda ýokary jogapkärçilik duýgusyna eýe bolan päk ahlakly, hakyky watansöýüji nesilleriň kemala gelmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Häzirki bagtyýar zamanamyzda ýaş nesliň arassa ahlakly, giň gözýetimli, watansöýüji we ylymly-bilimli bolup ýetişmegi döwlet syýasatynyň iň esasy ugurlarynyň biridir. Watan diýen mukaddes düşünje adam kalbynda kiçi ýaşlardan gözbaş alýar. Şol sebäpli hem ýaşlary watançylyk duýgusynda terbiýelemek diňe bir maşgalanyň ýa-da mekdebiň däl, eýsem tutuş jemgyýetiň beýik we jogapkärli borjudyr.

Ýaşlarda watançylyk duýgusyny oýarmak, ilki bilen, olara ata-babalarymyzyň şanly taryhyny, şöhratly ýoluny we baý milli mirasymyzy çuňňur öwretmekden başlanýar. Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda öz azatlygyny we parahatçylygyny gorap saklan batyrgaý il-gündür. Görogly beg, Magtymguly Pyragy, Alp Arslan ýaly beýik şahsyýetlerimiziň ömür ýoly ýaşlar üçin Watana wepadarlygyň nusgalyk mekdebidir. Taryhyny çuňňur bilýän ýaşlar Watanyň her topragyna, her bir künjegine uly sarpa we buýsanç bilen garaýarlar.

Hakyky watançylyk diňe bir belent sözlerde däl, eýsem ýurdumyzyň ösüşine goşulýan halal zähmetde we gazanylýan üstünliklerde ýüze çykýar. Bu günki gün Türkmenistanyň ýaşlary halkara derejesindäki bilim ojaklarynda, ylym bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda ýurdumyzyň Baýdagyny belende göterýärler. Ylym-bilim almak, döwrebap tehnologiýalary özleşdirmek we Watanyň kuwwatlanmagyna öz goşandyňy goşmak — häzirki zamanyň hakyky watançylyk göreldesidir.

Watansöýüjilik terbiýesini üstünlikli durmuşa geçirmekde maşgala mukaddesligi, mekdep täsiri we jemgyýetçilik guramalarynyň orny juda uludyr. Ata-enäniň öz çagalaryna Watana söýgi barada berýän öwüt-ündewleri, mugallymlarynyň berýän çuňňur bilimi we jemgyýetiň sagdyn gurşawy ýaşlaryň kämil şahsyýet bolup ýetişmegine berk binýat bolýar. Ýaşlaryň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, watançylyk bäsleşiklerini, sport ýaryşlaryny we taryhy ýerlere gezelençleri yzygiderli geçirmek olaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar.

Watanyny söýýän, onuň parahatçylygyny we gülläp ösüşini hemme zatdan ýokary tutýan ýaşlar — Türkmenistanyň kuwwatly geljegidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlary öz ata Watanyna bolan çäksiz söýgssini zähmetde, ylymda we döredijilikde görkezip, ýurdumyzy täze belentliklerine sary ynamly alyp giderler.

Bu gün türkmen ili bütin dünýäde watansöýüji halk hökmünde giňden tanalýar.Geçmişde türkmen topragynyň üstünden dünýäniň şahyrlary, akyldarlary söwdegärleri gatnapdyrlar. Olar türkmen halkynyň agzybirligine, watansöýüjilik häsiýetlerine öz ýürek ýazgylaryny galdyrypdyrlar. Dogrudan-da biziň halkymyzyň zandynda halallyk, pespällilik, maksada okgunlylyk hem-de watansöýüjilik häsiýetleri bardyr. Bu häsiýet atalarymyzyň göreldesi, enelerimiziň hüwdüsi bilen biziň aňymyza hem-de ganymyza berk ornaşan häsiýetdir. Bu häsiýetler türkmen ilimizi hemişe bütin dünýäde beýik edip görkezýän ajaýyp häsiýetlerdir. Biz bu günki gün baky bagtyýarlygyň, synmaz erkinligiň, bol-elin hem-de eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşaýarys.Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler gönüden göni halkymyzyň ykbalyna aýratyn ýakym çaýdy. Biz şeýle ajaýyp watanda ýaşaýandygymyza, zähmet çekýändigimize tüýs ýüregimizden buýsanýarys. Çekýän zähmetimiziň ýerine düşmegi, yhlasymyzyň gowuşmagy-bularyň aňyrsynda “Watan diňe halky bilen watandyr-döwlet diňe halky bilen döwletdir” diýip şu watanyň agzybirligi, mizemezligi ugrunda çekýän tutanýerli zähmetleri bardyr.

Goý, ykbalyny il-halky bilen berk baglanyşdyryp, Watana hyzmat etmegi göreldesini görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Didar Batyrow,

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň 3-nji ýyl harby talyby.

Related posts

Aşgabatdan Barselona çenli……

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragy türkmeniň synmajak ruhy

Muny bilmek gyzykly