Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde bolup, «At — myrat» okuw merkeziniň çagalary hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy.
Onuň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň «At — myrat» okuw merkezine çagalarda bedewlere bolan söýgini döretmek maksady bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 1 million 500 manat sowgat berdi. Bu serişde okuw merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine we ýaşlaryň sanly ulgamy işjeň özleşdirmeklerine ýardam berer.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary bilen duşuşdy hem-de täze ýylda ýurtda, şeýle hem daşary ýurtlarda köpsanly çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini, şunuň bilen baglylykda geçiriljek çäreleriň meýilnamasynyň taýýarlanylandygyny aýdyp, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna halkara çärelerde ýokary derejede üstünlikli çykyş edip, ýurduň baýdagyny belentde parlatjakdyklaryna uly ynam bildirdi. Şeýle hem türkmen milli atçylyk sungatynyň at abraýyny hasam belende galdyrmakda alyp barýan işleri üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlandygyny hem-de minnetdarlyk bildirendigini aýtdy. Mundan başga-da, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň binýadyny berkitmek maksady bilen topary 3 million manat bilen sylaglamak hem-de täze eýerleri gowşurmak kararyna gelendigini aýdyp, olary Şa serpaýlary bilen gutlady. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri toparyň agzalaryna Garaşsyz atly ajaýyp bedewi sowgat hökmünde gowşurdy.
«At — myrat» okuw merkeziniň hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçylary türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidentine çagalaryň hem-de toparyň agzalarynyň adyndan köp sagbolsun aýdyp, hoşallyklaryny beýan etdiler.
