JEMGYÝET

«Galkynyş» toparyna 48-nji halkara Monte-Karlo sirk sungaty festiwalynda halkara şahadatnamalar gowşuryldy

Şu ýylyň 16 — 25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirildi. Oňa ýurdumyza wekilçilik edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi — topar ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Serdar Pygyýew we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň baş direktory Serdar Gurbangulyýew hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar.

Halkara festiwalyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy.

Bu waka 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň mazmunyny baýlaşdyryp, oňa ajaýyp öwüşgin çaýýar. Bu hoş habary 2026-njy ýylyň üstünliklere beslenjekdiginiň buşlukçysy hökmünde kabul edip bolar. Şol üstünlikleri ahalteke bedewlerimiziň okgunly bady bilen deňeşdirmek ýerliklidir. Sebäbi ol şanly ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň mazmunyna mynasyp uly üstünlikdir.

2025-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolupdy. Bu ajaýyp wakanyň hormatyna Arkadag şäherinde dabaraly çäreleriň geçirilendigini we «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan 17 müň ýewro möçberinde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan 3 million manat möçberinde pul sowgadynyň gowşurylandygyny bellemek gerek. Şeýle hem topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş merkezine 10 günlük dynç alyş ýollanmasy, sport egin-eşikler toplumy, döwrebap tehnologiýalary özünde jemleýän enjamlar toplumy, ajaýyp türkmen halysy sowgat hökmünde gowşurylypdy.

Ýene-de okaň

BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynda Türkmenistanyň agzalygy

Türkmenistanyň işewür wekiliýetiniň Eswatini Patyşalygyna sapary

Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylaryny hünär baýramy bilen gutlady

Kristiano Ronaldo Türkmenistana geler: 11-nji fewralyň taryhy agşamy

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyşyna gatnaşdy