BIZNES

“Galkynyş” gaz käninde çylşyrymly gaz guýulary gurlar

“Türkmengaz” döwlet konserni “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça alyp barýan işleriniň çäklerinde, Hytaý Halk Respublikasynyň “CNPC Chuanqing Drilling Engineering Company Limited” kompaniýasy bilen adaty gaz guýularyndan çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan üç gaz guýusynyň gurluşygyny tamamlamak we olary ulanmaga bermek hakynda şertnama baglaşylar. Şertnama boýunça hasaplaşyklary HHR-e tebigy gazy ibermegiň hasabyna amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyz bu ugurda hödürlenen Karara gol çekdi.

Hytaýyň işewürler toparynyň wekilleri ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň, şeýle hem Türkmenistanyň çägindäki örän iri “Galkynyş” gaz känini toplumlaýyn özleşdirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan beýleki düzümleýin desgalaryň gurluşygy ahyrky anyk netijä ýetilmegine gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň alamaty bolup durýar. Häzirki wagtda ýokarda agzalan gaz geçirijisi türkmen “mawy ýangyjynyň” uzak möhletleýin esasda Hytaýa iberilmegini üpjün edýär.

 

Nebit önümleri üçin gämi duralgasy gurlar

Ýene-de okaň

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Täjigistan türkmen telekeçilerini erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmenistan we Niderlandlar gämi gurluşygyndaky strategik hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy