TEHNOLOGIÝA

“Galaxy S24” we “Galaxy S24 Ultra” tanyşdyrylar

Her ýyl mälim bolşuna görä, dünýäniň “akylly” telefon bazarynyň öňdebaryjy kompaniýalary “Samsung” bilen “Apple” özleriniň telefon markalarynyň täze görnüşiniň tanyşdyrylyş dabaralaryny gurnaýar. Bu hem “Samsung” hem-de “iPhone” telefonyny gowy görýänler üçin has-da möhüm bolup durýar.

“Samsung” kompaniýasy “Apple” şereketiniň iň uly smartfon bäsdeşi. “Counterpoint Research” kompaniýasynyň habaryna görä, “Apple” kompaniýasynyň 16 göterim paýy bilen deňeşdirilende, dünýädäki smartfon bazaryndaky “Samsung” kompaniýasynyň paýy 20 göterime deňdir.

Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy 17-nji ýanwarda “Galaxy S24” we “Galaxy S24 Ultra” telefonlaryny tanyşdyrar.

“Samsung” kompaniýasynyň “S24” seriýasynyň çäklerinde täze samrtfonlar telefon muşdaklarynda uly gyzyklanma döretdi.

“Samsung”, adatça, täze telefonlaryny öňki modellerden tapawutlandyrmak üçin kameranyň gowulaşmagyna ünsi jemleýär. Emma bu ýyl AI “Galaxy S24” seriýasynda uly rol oýnar diýlip garaşylýar.

Kompaniýanyň täze telefonlarynyň tanyşdyrylyş dabarasy 17-nji ýanwarda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatytynyň San-Hose şäherinde geçiriler. ​

Ýene-de okaň

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler