SIZDEN GELENLER

Gahrymanlar unudylmaýar

Şu gün ýurdumyzyň ähli ýerinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň  78 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenip geçildi.

Ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna, olaryň yzlarynda galyp, mukaddes ojaklaryny wepadarlyk bilen saklap ýören enelere, şeýle-de şol agyr ýyllarda tylda tutanýerli zähmet çekenlere goýulýan hormat-sarpa bimöçberdir. Bu ajaýyp hakykata Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaraly çäreleriň mysalynda has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Ýurdumyzyň weteranlaryna, olaryň ýanýoldaşlaryna hem-de tylda zähmet çekenlere hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sylaglary we baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Adamzat taryhynda iň bir uzaga çeken 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşy juda köp adam pidalaryna we maddy kynçylyklara getirdi. Şol uruşda türkmenistanly ýigitler hem parahatçylyk, asuda durmuş, Watanyň azatlygy ugrundaky söweşlerde ellerine ýarag alyp, ganym bilen söweşdiler. Ýaşuly nesil, gyz-gelinler, ýetginjekler hem tylda işläp, arzyly ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşant goşdular. Oba hojalygynda, senagatda olaryň zähmeti bilen azyk we beýleki gerekli önümler öndürildi.

Hormatly Prezidentimiz 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň  78 ýyllygy Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda hem belläp geçişi ýaly, ýürek-bagry paralaýjy bu agyr döwürde gelin-gyzlarymyz, enelerimiz tarapyndan altyn we kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramy Goranmak gaznasyna meýletin tabşyryldy, milli öwüşgine eýlenen nepis halylardyr keşdeler dokaldy, gaýduwsyzlygy hem-de watansöýüjiligi terbiýeleýän hüwdüler, monjugatdylardyr läleler döredildi. Munuň özi halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip, kämilleşdirilip gelnen watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, hoşniýetlilik, arassa ahlaklylyk ýaly mukaddes ýörelgelere ygrarlydygynyň belent nusgasyna öwrüldi.

Merdana gahrymanlarymyzyň atlary «Hatyra» hem-de «Şöhrat» kitaplarynda ebedileşdirildi. Paýtagtymyzda gurlan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan Watan gerçekleriniň hatyrasyna «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýadygärlikleri döredildi. Bu ýadygärlikler toplumy pederlerimiziň edermenligine, Watan ogullarynyň gaýduwsyzlygyna halkymyzyň belent sarpa goýýandygynyň, öten-geçenlerimiziň ruhuny hatyralamak ýaly asylly däplerimiziň häzirki döwürde hem dowam edýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty türkmen halkynyň, şol sanda tutuş dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilendir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmakda, halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkitmekde, köpugurly gatnaşyklary ösdürmekde uly işleri durmuşa geçirýär.

Serdar Badyýew, 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri