Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda biri-birinden zyýada gelýän her bir ýyl türkmen halkynyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygary astynda geçýän şanly ýyl hem taryhy ähmiýetli wakalara baý bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň şanly ýylymyzda halkymyza sowgat eden “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaby türkmen halkynyň buýsanjyny goşalandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu eserinde gadymy Änewiň ak bugdaýyň asyl mekanydygy bilen bagly gymmatly maglumatlar getirilýär. Bellenilişi ýaly, hut şu toprakdan tapylan bugdaý däneleri Türkmenistany ak bugdaýyň Watany hokmünde dünýä tanatdy. Änew — taryh üçinem, şu günümiz we geljegimiz üçinem täsin bir älem. Taryh ylmynyň maglumatlaryna daýansak, Günorta Türkmenistanyň ilatynyň taryhy ösüşinde aýratyn bir eýýam bolan eneolit döwrüne degişli bolan ýadygärliklerden häzirki wagta çenli onlarçasy anyklanyp, olaryň ilki öwrenilip başlanany Änew medeniýetidir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kitabynda: «Änew dünýäniň maddy medeniýetiniň möhüm sahypasy bolsa, Magtymguly Pyragy dünýäniň ruhy medeniýetiniň ösüşine goşandyny goşan beýik şahyrdyr» diýip ýazmak bilen, Änew ýaly gadymy mekany, Magtymguly Pyragy ýaly akyldary, ussat şahyry bolan halkyň medeniýetiniň adamzat medeniýetiniň ösüşlerinde uly paýynyň bardygynyň ikuçsuz hakykatdygyny aýratyn belläp geçýär. Munuň özi milli medeniýetimize we mirasymyza buýsanjymyzy artdyrýar, watançylyk ruhumyzy belende göterýär.
Umuman, hormatly Prezidentimiziň «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplardan hem-de «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gatar — Bagabat — Änew», «Gadymy Änew medeniýeti», «Änewiň arheologik depeleriniň öwrenilişiniň taryhyndan», «Änew medeniýeti we türki dünýä», «Geçmişiň syry galan toprak», «Watan hakyndaky müdimi owaz» atly bölümlerden ybarat bolan bu kitaby çuňňur mazmunly taryhy maglumatlaryň üsti bilen, gadymy şäheriň şanly geçmişini dabaralandyrýar. Kitabyň käbir baplary arheologiki tapyndylara, häzirki döwre çenli saklanyp galan özboluşly binagärlik ýadygärliklerine bagyşlanýar. Kitapda Änew medeniýetini ilki açan amerikaly alym Rafael Pampelliniň, şeýle-de Wadim Massonyň, Wiktor Sarianidiniň we beýleki görnükli alym-arheologlaryň ekspedisiýalarynyň netijesinde alnan maglumatlar barada gürrüň berilýär.
Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny garşylaýan günlerimizde hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby elimize gowşupdy. «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitap hormatly Prezidentimiziň ikinji eseri bolup, gadymy Änew şäheriniň dünýä medeniýetiniň, adamzat ýaşaýşynyň ösmeginde tutýan orny dogrusynda taryhy maglumatlar getirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby ildeşlerimiziň ýan kitabyna öwrüler. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ogulşirin Ataýewa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.