SPORT

Futbol taryhynda şowsuz oýunçylaryñ sanawy düzüldi

Ispaniýanyñ “Marca” neşiri tarapyndan futbol taryhynda şowsuz oýunçylaryñ sanawy düzüldi. Bu sanaw oýunçylaryñ kesgitleýji duşuşyklarda ýeñlişe sezewar bolmagy bilen baglanyşkyl boldy.

Sanawyñ birinji ornuny argentinaly “Barselona” toparynyñ öñki ýarymgoragçysy Hawýer Maskerano eýeledi. Häzirki wagtda “Estudiantes” toparynda çykyş edýän 35 ýaşly oýunçy 11 gezek kesgitleýji oýunlarda ýeñlişe sezewar boldy, olaryñ 6-sy toparyñ düzüminde we 5-si milli ýygyndy düzüminde.

Ikinji orny “Mançester Ýunaýted” toparynyñ öñki goragçysy Patris Ewra eýeledi. Ewra 4 gezek çempionlar ligasynyñ finalynda utuldy. Ýöne muña garamazdan, 2007-2008-nji ýyllarda Moskwa şäherinde geçirilen çempionlar ligasynyñ finalynda “Çelsi” toparyna garşy oýunda ýeñiş gazandy. 2019-njy ýylyñ iýul aýynda “West Hem” toparynda öz futbol ýoluny tamamlady.

Üçünji orny “Çelsi”, “Real Madrid”, “Bawariýa” we Niderlandlaryñ milli ýygyndysynda duşuşyklary geçiren Arýen Robben eýeledi. Ol 3 gezek Superkubok, 2 gezek Çempionlar ligasynyñ we 1 gezek dünýä çempionat duşuşyklarynda utuldy. Emma Robben 8 gezek Germaniýanyñ, 2 gezek Angliýanyñ, 1 gezek Ispaniýanyñ çempiony diýen ada mynasyp boldy. 2013-nji ýylda “Bawariýa” toparynyñ düzüminde Çempionlar ligasyny gazandy.

Ilkinji 10-daky futbolçylar:

Mihail Ballak (6 gezek finalda utuldy).

Ektor Kuper (tälimçi hökmünde 6 gezek finalda utuldy).

Alesandro Del Pýero (4 gezek finalda utuldy).

Lotar Matteus (4 gezek finalda utuldy).

Gonzalo Iguain (3 gezek finalda utuldy).

Janluiji Buffon (3 gezek finalda utuldy).

Antoni de Awila (3 gezek finalda utuldy).

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi