JEMGYÝET

Frederik Starr: “Makul Sözlük”dil köprüsine möhüm goşant bolup hyzmat eder

Dünýä belli meşhur professor, Amerikanyň Daşary Syýasat Geňeşinde (AFPC) Ýewraziýa boýunça Tapawutlanan alym S. Frederik Starr  ýakynda Amerikada neşir edilen Makul Iňlisçe -Türkmençe sözlüge ýazan sözbaşynda  meniň pikirimçe, “Makul Sözlük” diňe bir Amerika Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik, ykdysady, bilim we medeni gatnaşyklara däl, eýsem halklarymyzyň biri–birini dogry tanamagyna hem möhüm goşant goşar. Çünki şeýle manyly aragatnaşygyň ilkinji ädimi dil köprüsini gurmakdyr we bu sözlük şol dil köprüsine möhüm goşant bolup hyzmat eder diýip belledi.

 Hormatly okyjylarymyz, biz Size professor S. Frederik Starryň sözbaşyny dolulygyna ýetirýäris.   

Türkmenistanyň resmi dili bolan türkmen dili – iňlis dili dünýäsiniň sahnasynda çykyş etmeli wagtyndan has giç çykdy.

Türkmenistanyň özünde ýedi milliona golaý, Owganystanda bir milliondan gowrak we Eýranda 300 müňe golaý adam tarapyndan gürlenýän türkmen dili halkara derejesinde uzak wagtlap kölegede galdy. Indi bolsa, ýokary derejede ökde we işjeň türkmen alymy hem-de hukukçysy Döwran Orazgylyjowyň taýýarlan bu ähmiýetli iňlisçe–türkmençe sözlügi bilen türkmen dili halkara sahnasynda öz mynasyp ornuny almaga mümkinçilik gazandy.

Bu sözlügiň çap edilmegi üçin saýlanan wagt has hem ýerliklidir. Çünki ol Türkmenistanyň dünýä açylmagy hem-de iňlis dilinde gürleýän ýurtlar bilen, şeýle hem dünýäde iňlis dilini aragatnaşyk serişdeleri hökmünde ulanýan köp ýurtlar bilen söwda, diplomatik we medeni gatnaşyklaryň ýokarlanmagy bilen gabat gelýär. Şeýle-de, ol täze nesil türkmenleriň iňlis dilinde gürleýän dünýä bilen söwda we medeni gatnaşyklary ýola goýýan döwrüne, şeýle hem iňlis dilinde gürleýän adamlaryň Türkmenistana bolan gyzyklanmasynyň has artan döwrüne gabat gelýär.

Türkmen diliniň kökleri Oguzhan eýýamyn-dan, häzirki türkler, azeriler we türkmenleriň ata-babalaryna çenli barýar. Türkmen dilinde baý sözli halk döredijiligi asyrlaryň dowamynda nesilden–nesle geçipdir, ýöne ýazuw edebiýaty diňe XVIII asyrda ýüze çykyp başlady. Şol döwürde türkmen dili kadalaryna laýyk bolmadyk arap elipbiýinde ýazylýardy. XIX asyrda kiril elipbiýine geçirildi. Ahyrynda bolsa, SSSR dargandan soňra we garaşsyz Türkmenistanyň döredilmegi bilen türkmen dili bu sözlükde ulanylýan üýtgedilen latyn elipbiýine geçirildi.

Türkmen dili häzirki zaman türk we azeri dilleri bilen ýokary derejede düşnüklilik derejesine eýedir. Bu üç dil hem grammatiki jynsa eýe däl we subýekt–obýekt–işlik tertibinde gurluşa eýedir. Emma türkmen diliniň has ýakyn garyndaşlaryny Eýranyň gündogarynda, Owganystanyň günbatarynda gürlenýän Horasan dili bilen, şeýle hem Özbegistanyň günbataryndaky Horezm dili bilen görmek bolýar. Bularyň hemmesi özleriniň umumy nesil mirasyny tassyklaýarlar, bu ýagdaý latyn dilinden Emele gelen roman dilleriniň ýagdaýyna meňzeşdir. Ýöne olaryň hersi aýratyn nesil kökünden, dürli sözlügi we ýazuw däplerinden hem-de olary gürleýän halklaryň taryhy ykballaryndan gelip çykýan möhüm aýratynlyklary saklaýarlar. Gysgaça aýdanymyzda, olaryň hersi doly manyda aýratyn bir dildir. Täze sözlük türkmen diliniň dünýäniň şol giň meýdanynda aýratyn we milli şahsyýetini görkezmekde möhüm rol oýnar.

Iňlis dilinde türkmen dilini öwrenmek heniz ilkinji ädimlerinde bolsa-da, häzirki wagtda iňlis dili Türkmenistanda gülläp ösüş tapýar. Ýokary okuw mekdeplerinde, onlarça orta mekdeplerde, köp sanly işewürlige gönükdirilen institutlarda we onlaýn programmalar arkaly iňlis dili öwredilýär. Munuň üçin Türkmenistanyň garaşsyzlygyny gazanan döwürlerinde birnäçe iňlis dilini öwrediji gollanma kitaplary we iňlisçe–türkmençe sözlükleri çap edilipdi. Ýöne olaryň iň gowusynda hem 10 müňden köp söz ýokdy. Döwran Orazgylyjowyň täze sözlüginde bolsa söwda we halkara gatnaşyklaryna degişli köp sanly sözleri öz içine alýan 16 müň söz bar. Ýazyjy eýýäm 20 müň sözi öz içine aljak nobatdaky neşiri taýýarlamagy maksat edinýändigini yglan etdi.

Bu sözlük amatly wagtda – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň otuz dört ýyllygynda we hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň otuz ýyllygynda – çap edilýär. Aşgabadyň bitaraplyk düşünjesi indi dünýä bilen deňagramly gatnaşyklara esaslanýar. Bu çemeleşme Merkezi Aziýanyň giňişligindäki goňşy ýurtlar, beýleki ýakyn güýçler hem-de giň dünýä, şol sanda – möhüm derejede – Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Beýik Britaniýa we ähli iňlis dilinde gürleýän ýurtlar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegini talap edýär. Jenap Orazgylyjowyň uly söýgi bilen taýýarlan bu möhüm işi bu prosesiň üstünlikli amala aşyrylmagyna uly goşant goşar we taraplaryň özara dillerini öwrenmegi arkaly täze gatnaşyklary berkitmäge ýardam eder.

Meniň pikirimçe, “Makul Sözlük” diňe bir Amerika Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik, ykdysady, bilim we medeni gatnaşyklara däl, eýsem halklarymyzyň biri–birini dogry tanamagyna hem möhüm goşant goşar. Çünki şeýle manyly aragatnaşygyň ilkinji ädimi dil köprüsini gurmakdyr we bu sözlük şol dil köprüsine möhüm goşant bolup hyzmat eder.

 

  1. Frederik Starr Orta Aziýa–Kawkaz Instituty we Ýüpek Ýoly Barlaglary Maksatnamasynyň (CACI/SRSP) esaslandyryjy başlygydyr. Bu merkez Waşington we Stokgolmda ýerleşýän öňdebaryjy transatlantik ylmy–barlag we syýasat merkezidir. Starr häzirki wagtda Amerikanyň Daşary syýasat geňeşinde (American Foreign Policy Council) Ýewraziýa boýunça tapawutlanan alym bolup, şeýle hem Waşingtondaky Johns Hopkins uniwersitetiniň SAIS bölüminiň ylmy professorydyr.

Dr. Starr giňden tanalan “”Ýitiren Aýdyňlyk: Araplaryň Basyp Almagyndan Timur döwrüne çenli Orta Aziýanyň Altyn Asyry” (Princeton University Press, 2013) atly kitabyň awtorydyr. Bu eser 20-den gowrak dile terjime edilendir. Onuň dowamynyň hökmünde ýazylan kitaby – öz asyrlarynyň ägirtleri: Ibn Sina, Biruni we Ýitiren Aýdyňlyk (Oxford University Press, 2023) – Orta Aziýanyň beýik akyldarlarynyň ylmy mirasyny has giňişleýin açyp görkezýär.

Starr Orta Aziýa, Kawkaz we “Täze Ýüpek Ýollary” baradaky ylmy–syýasy işlerde giňden ýazypdyr. “Fergana Jülgesi: Orta Aziýanyň Ýüregi” hem-de “Täze Ýüpek Ýollary” ýaly täsirli eserleriň awtory bolup, “Foreign Affairs” we öňdebaryjy halkara gazetlerde köplenç çykyş edýär.

Akademiýadan daşary Starr Kennan Institutynyň esaslandyryjy başlygy, Tulane Uniwersitetiniň wise-prezidenti we Oberlin Kollegiň rektory bolup hyzmat edipdir. Ol Orta Aziýa uniwersitetiniň hem-de Azerbaýjan Diplomatiýa akademiýasynyň döredilmeginde möhüm rol oýnapdyr, häzirki wagtda bolsa Gazagystandaky Nazarbaýew Uniwersitetiniň müdirler geňeşiniň agzasydyr. Starr Ýale, Kembrij (King’s College) we Prinston uniwersitetlerinde bilim aldy, taryh ylymlary boýunça doktorlyk derejesini aldy we bäş sany hormat doktory derejesine eýedir.

Ylmy işlerinden başga-da, Starr Nýu-Orlean taryhy we medeniýeti boýunça dört sany kitabyň awtorydyr.

 

“Makul iňlisçe–türkmençe sözlük” Amerikada neşir edildi we “Amazon” platformasynda satuwa çykaryldy

Ýene-de okaň

Dr.Döwran Orazgylyjow : Makul Sözlük Silikon jülgesinden gözbaş alan taslama

Ata Watan Eserleri

“Magtymguly Pyragy” çeper filmi Tatarystandaky halkara kinofestiwalda baýrak gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze oba – Döwletli mekan açyldy

Amangeldi Baýgeldiýew: “Makul Sözlük” hoşniýetli gatnaşyklarda özboluşly “dil köprisi” bolup hyzmat eder

“Makul Sözlük” internet neşirlerinde

Hormatly Prezidentimiz täze önümçilik desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri