MEDENIÝET

Fransuz aktýory Žan-Pol Belmondo aradan çykdy

Fransiýanyň dünýä kino sungatynyň iň meşhur aktýorlaryndan biri bolan Žan-Pol Belmondo 89 ýaşynda aradan çykdy. Belmondonyň aklawçysy AFP habar gullugyna meşhur aktýoryň aradan çykandygyny habar berdi.

1933-nji ýylda dünýä inen meşhur aktýor 1956-njy ýylda ýylda kino durmuşyna ädim ätledi we şol ýyl gysga göwrümli “Molýer” filminde surata düşdi. Ol köp sanly filmlerde surata düşdi. Jemi 85 filmde çykyş eden Belmondo 2017-nji ýylda Fransiýanyň Oskar baýragy ýaly deň derejede hasaplanýan Sezar kino baýraklarynda hormatly baýraga mynasyp diýlip hasaplandy.

Belmondo 1960-1980-nji ýyllarda kino sungatynyň iň ýokary basgançaklaryna çykdy we ony tutuş dünýä tanady. Onuň “Soňky demde” atly filmi 1950-nji ýyllaryň ahyrynda we 1960-njy ýyllarda Fransiýanyň kino äleminde täze tolkuny başlatdy.

2001-nji ýylda insult geçiren kino aktýor köp wagtlap ýöräp hem bilmedi. 2008-nji ýylda kino täzeden dolanyp gelip, birnäçe filmde surata düşdi. Žan-Pol Belmondo 2015-nji ýylyň fewralynda kino durmuşyny tamamlady.

Žan-Pol Belmondo dünýädäki iň üstünlikli we meşhur fransuz aktýorlaryndan biridir. Režissýor Žan-Pýer Melwil ony fransuz kino ussady Žerar Filipden soňky esasy sungat ussady hökmünde kesgitledi.

SPORT DURMUŞY

Žan-Pol Belmondo sporty hem söýýän sungat ussatlarynyň biridir. Ol futbol hem-de boks bilen ýakyndan gyzyklanýar. Futbolda derwezeban hem bolupdy. Häzirki “Pari-Sen-Žermen” toparynyň wise-prezidenti wezipesini hem gysga wagtlygyna amala aşyrypdy.

Onuň boks ýoly oňa Pariž şäheriniň çempiony bolmaga hem getirdi. Belmondo 19 ýaşynda Parižiň çempiony boldy we Fransiýanyň boks boýunça milli ýygyndysynyň agzasy boldy. Hatda ol prosefsional boksçy hem bolmagy ýüregine düwdi. Onuň boks bilen baglanyşykly surata düşen filmleri hem bar.

Eger aktýorlyk arzuwy bolmadyk bolsa, boksçy hem bolup bilerdi.

SYLAGLARY

Belmondo özüniň kino ýolunda Fransiýanyň iň ýokary sylaglaryna eýe boldy. Ol “Sungat we edebiýat ulgamynda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin” (kawaler-1989, komandor-1994, ýokary ofiser -2017). Şeýle hem Fransiýanyň Medeniýet ministrliginiň ýokary baýragy –  edebiýat we sungat Nyşanynyň komandory baýragyma mynasyp boldy.

Şeýle hem Belmondo dünýä kinematografiýasyna goşan goşandy üçin Kann kinofestiwalynyň hem-de Wenesiýa kinofestiwalynyň hormatly baýraklaryna mynasyp boldy.

 

Türkmenistan Braziliýa gutlag hatyny iberdi

 

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

“Älem gözeli-2024” ýeňijisi belli boldy

Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Iňlis ýazyjy Buker baýragyna mynasyp boldy

“Gorkut ata” atly halkara kinofestiwalynda görkeziljek filmleriň MEÝILNAMASY

Ýylyň şygaryna bagyşlanan ajaýyp konsert

Ata Watan Eserleri