SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Ford” kompaniýasyndan “Covid-19” sanjym karary

ABŞ-nyň awtoulag kompaniýasy “Ford” öz işgärleri üçin hökmany sanjym kararyny kabul edendigini habar berdi.

Kompaniýa işgärlerine 8-nji dekabra çenli “Covid-19” sanjymynyň hökmany boljakdygyny, sanjym edilmedik işgärleriň bolsa tölegsiz rugsat beriljekdigini aýtdy. “CNBC” habar gullugynda kompaniýanyň işgärleriniň 84 göteriminden gowragynyň eýýäm sanjym edilendigi, sanjym edilmediklere 30 güne çenli tölegsiz dynç beriljekdigi habar berildi.

“Ford Motor ” kompaniýasy takmynan 32 müň işgärine maglumat berendigi baradaky habar bilen kompaniýanyň metbugat sekretary Monik Brentli “Işçi güýjümiziň saglygy we howpsuzlygy ilkinji nobatda durýar” -diýdi.

Dünýäniň möhüm kompaniýalary koronawirusyna garşy sanjym etmelidigini habar berdiler we köp kompaniýalar, esasanam “Google”, “Facebook” we “Microsoft” ofisleriniň açylyş senesini yza süýşürdiler.

“Ford”  ABŞ-a işgärleriň sanjym edilmegi barada habar beren ilkinji awtoulag öndürijisi däl. Atlantada ýerleşýän “Daimler AG” kompaniýasynyň “Mersedes-Benz ABŞ” işgärlerine ýanwar aýyna 4-ne çenli sanjym edilmegini talap edýär.

 

 Welosiped öndürmekde iň öňdebaryjy ýurt

 

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar