JEMGYÝET

“Forbes”: Rihanna milliarderleriň sanawynda

Meşhur aýdymçy Rihanna resmi taýdan milliarder boldy. “Forbes” žurnaly Rihananyň 1,7 milliard dollar baýlygy bilen milliarderler toparyna girendigini habar berdi.

Dünýä belli aýdymçy Rihannanyň hakyky ady Robin Fenty. 2017-nji ýylda esaslandyran “Fenty Beauty” markasy bilen aýdym-sazdan soň gözellik dünýäsinde üstünlik gazanan barbadosly aýdymçy häzirki wagtda milliarderleriň hataryna goşuldy.

“Forbes” žurnalynyň habaryna görä, baýlygy 1,7 milliard dollar bolan 33 ýaşly Rihanna dünýäniň iň baý zenanlarynyň biri boldy. Rihanna baýlygyň çeşmesini diňe aýdym-saz bilen däldir. Onuň 1,4 milliard dollar baýlygy häzirki wagtda paýnamalarynyň 50 göterimine eýeçilik edýän “Fenty Beauty” brendinden gelýär. Rihanna galan baýlygyny elbetde aýdym-saz we aktýorçylyk karýerasyndan gazandy.

“Twitter” jemgyýetçilik torunda 102,5 million yzarlaýjysy we “Instagram” jemgyýetçilik torunda 101 million yzarlaýjysy bolan Rihanna jemgyýetçilik mediýanyň ýyldyzlarynyň biridir. Ol öz markalaryny mahabatlandyrmak üçin wagtal-wagtal mahabat işlerini alyp barýar. Jemgyýetçilik torundaky hasaby arkaly öz önümlerini mahabatlandirýar.

 

Tokio-2020: medal üçin iň köp pul sylagyny berýän ýurtlar

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Nikaragua Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna goşuldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistan tahýa taýýarlamagyň sungatyny ÝUNESKO hödürledi