DÜNÝÄ

Fizika boýunça Nobel baýragyna amerikaly alymlar eýe boldy

2025-nji ýylyň fizika boýunça Nobel baýragy amerikan uniwersitetlerinden bolan kwant fizikasynyň alymlaryna berildi: Beýik Britaniýadan Jon Klark, Fransiýadan Mişel Dewore we ABŞ-dan Jon Martinis bu baýragyň eýeleri boldy.

Jon Klark Berkli şäherindäki Kaliforniýa uniwersitetinde, Jon Martinis Santa-Barbaradaky Kaliforniýa uniwersitetinde, Mişel Dewore bolsa Ýel uniwersitetinde we Santa-Barbarada ylmy barlaglary geçirdi.

Alymlar “makroskopik kwant-mehaniki tunellirlemegiň we elektrik zynjyrynda energiýanyň kwantlaşmagynyň açylmagy” üçin sylaglandy. Nobel komitetiniň bellemegine görä, olaryň barlaglary kwant fizikasynyň amaly görnüşde nähili işleýändigini görkezdi.

2024-nji ýylda fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri Jon Hopfild we Jeffri Hinton boldular. Olar fizika gurallaryny ulanyp, häzirki zaman emeli nerw torlaryna esas bolan maşyn öwrenişiniň usullaryny işläp düzmekde uly goşant goşdular.

1901-nji ýyldan bäri fizika boýunça Nobel baýragy 118 gezek berildi, ony 226 alym aldy, olaryň diňe bäşisi aýal bolupdyr.

Düýn fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri hem yglan edildi. Olar ABŞ we Ýaponiýadan bolan alymlar — Meri E. Brunkow, Frederik Ramsdell we Şimon Sakaguçi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Nowruz baýramynda körpeler üçin şowhunly çykyşlar

Ata Watan Eserleri

Owganystanda TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça duşuşyk

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda energetika hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi