BIZNES

“Fitch Ratings” halkara agentligi Türkmenistanyň reýtingini ýokary galdyrdy

“Fitch Ratings” halkara agentligi Türkmenistanyň uzakmöhletleýin reýtingini “B+”-dan “BB-” derejesine çykardy we çaklama – “Durnukly” hökmünde baha berildi.

Türkmenistanyň  halkara agentligi tarapyndan derejesiniň ýokary galmagy esasy ugurlary: döwlet balansynyň pugtalanmagy, daşary gorlarynyň köp bolmagy bilen baglanyşykldyrdy. Türkmenistanda ozal hem berk bolan döwlet balansynda has-da öňegidişlik boldy, munuň dowam etjekdigine has ynamly aýdyp bolary -diýlip, halkara agentliginiň beýanatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň daşary ýurt pulundaky gory yzygidelri artýar. “Fitch” kompaniýasy häzirki daşarky tölegleriň takmynan 55 aýyny, 4,5 aýlyk ortaça “BB” bilen deňeşdireniňde, bahalandyrýan islendik döwletden iň ýokarysydygyny çaklady.

Geçen ýyl «Fitch Ratings» halkara reýting agentligi Türkmenistanyň uzak möhletleýin emitentiniň (IDR) daşary ýurt walýutasynda «B+» derejesini «Oňyn» çaklamasy bilen tassyklapdy.

Related posts

Wengriýa türkmen gazyny satyn almak bilen gyzyklanýar

Türkmenistan-Ýaponiýa: möhüm ylalaşyklar gazanyldy

Birža täzelikleri: özbek işewürleri suwuklandyrylan gaz satyn aldy