JEMGYÝET

Türkmen wekiliýeti Urumçide saparda boldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Tangryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçi sebitinde saparda bolup, Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynyň Kommunistik partiýasynyň başlygy Ma Sinžu hem-de bu awtonom etrabynyň halk hökmüetiniň başlygy Erkin Tuniýaz bilen duşuşdy.

Taraplar Türkmenistan bilen Hytaýyň Sinszýan sebitiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem-de iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň arasynda gazanylan strategik ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň möhümdigini bellediler.

Oba hojalygy, energetika, bilim we lukmançylyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary bellenilip geçildi.

Hususan-da, oba hojalygy pudagyndaky hyzmatdaşlyk babatda, tohumçylyk, oba hojalyk tehnikalary we enjamlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, oba hojalyk suwlaryny saklamak ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Oba hojalygy türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolup, döwlet tarapyndan obasenagat toplumynyň ösdürilmegine ulgamlaýyn goldaw berilýär, diýip türkmen tarapy ikitaraplaýyn duşuşykda belläp geçdi.

Şeýle hem türkmen tarapy saparyň çäklerinde Sinszýan sebitiniň döwrebap oba hojalygy bilen tanyşlyk geçilendigini we mundan beýläk ylmy seçgiçilik, maldarçylyk we oba hojalyk çig mallaryndan taýýar önümleri öndürmek ýaly ugurlarda tejribe alyşmagyň möhüm boljakdygyny belledi.

Related posts

Borsa Satışları: 32 Milyon dolar

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär