Häzirki zaman adamyň boş wagtyny kino görmän geçirmegini göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Kinolaryň sanynyň ummasyzdygy olara tomaşa etmek üçin hiç hili päsgelçilik döretmeýär. Kimler komediýany, başga biri taryhy dramany, ýene biri bolsa söweşjeň žanrly kinolary tomaşa etmegi halaýarlar. Kinematografiýa özüniň bir asyrdan gowrak taryhynyň dowamynda kino söýüjilere islendik žanra degişli millionlarça filmleri sowgat etdi.
Tehnologiýanyň ösmegi bilen kinofilmleriň elýeterliligi-de artýar. Soňky onýyllygyň dowamynda internetiň mümkinçilikleriniň artmagy bilen kinofilmlere tomaşa etmek üçin kinoteartlara gitmek ýa-da disk satyn almak zerurlygy aradan aýryldy.
Filmlere onlaýn görnüşde tomaşa etmegiň artykmaçlyklaryna ser salsak:
Ilkinji nobatda ol onlaýn kinoteatrlaryň tölegsizligidir. Örän seýrek ýagdaýlarda munuň üçin ujypsyzja abonent tölegi talap edilýär.
Ikinjiden, isleýän filmiňe tomaşa etmek üçin kinoteatra gitmek ýa-da diski satyn almak zerurlygy döremeýär.
Üçünjiden bolsa, gerek bolan film ulgamdan gözlenip tapylandan soň, ony ýükläp almak üçin wagt sarp edilmeýär.
Dördünji artykmaçlygy-da filmlere soňuna çenli tomaşa etmegi ýa-da ony bölekleýin görmegi üçin amatly wagty özüňiziň saýlamagyňyzdyr.
Onlaýn kinoteatrlarynyň kino gorunyň ýetikligi kinosöýüjileriň dürli žanrly filmlere tomaşa etmäge bolan islegini kanagatlandyrýar. Kinoteatrlaryň bütindünýä torunda filmler žanrlar bilen birlikde, tomaşaçylaryň ýaş aýratynlygy esasynda hem toparlara bölünýär. Olaryň arasynda has kiçi ýaşly çagalara niýetlenilen filmlere hem duş gelmek bolýar. Mundan başga-da, onlaýn kinoteatrlarda filmleriň tomaşaçylarynyň ýaş aýratynlygy boýunça toparlara bölünmegi gözleg işini çaltlaşdyrýar. Internetiň türkmen ulanyjylary üçin hem filmlere onlaýn görnüşinde tomaşa etmek mümkinçiligi elýeterlidir. Munuň üçin ýörite «Türkmentelekom» bilen bilelikde onlaýn kinoteatr ― «Beletfilm» döredildi. Bu onlaýn kinoteatr filmleri, seriallary, multfilmleri we teleşowlary özünde jemleýär. Şeýle-de bu ýerde türkmen kinematografiýasynyň taryhynda uly yz galdyran filmlere tomaşa etmek bolýar.
Şöhrat Ataýew
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň I ýyl talyby.
Türkmen hünärmenleri MTCP 2021 hünär ýokarlandyryş okuwlaryny tamamlady