SPORT

FIFA we Saud Arabystany ösüp barýan ýurtlara ýeňillikli karz berer

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Saud ösüş gaznasy (SFD) bilen özara düşünişmäk hakyndaky Ähtnama gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, ösüp barýan ýurtlara $1 milliard möçberinde ýeňillikli karzlar berler. Bu serişdeler stadionlaryň gurluşygyna we täzelenmegine, şeýle hem olaryň golaýyndaky infrastruktura gönükdiriler.

“Sportuň ykdysady we durmuş ösüşini höweslendirmekdäki mümkinçiliklerini açyp görkezmek maksady bilen Saud ösüş gaznasy (SFD) bilen FIFA ösüp barýan ýurtlarda stadionlary hem-de zerur infrastruktura desgalaryny gurmak we täzeden dikeltmek üçin $1 milliard möçberinde ýeňillikli karz bermek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler” diýip, FIFA-nyň resmi saýtynda bellenilýär.

FIFA-nuň metbugat maglumatyna görä, sport pudagynyň dünýäniň JIÖ-siniň takmynan 2%-ine deň gelýändigi kesgitlenýär. Bu bolsa sporty iş orunlarynyň döredilmeginde, syýahatyň ösmeginde we ýerli jemgyýetleriň ösüşinde möhüm hereketlendiriji güýje öwürýär.

Şeýle hem dünýäde 211 sport assosiasiýasynyň bardygyna garamazdan, halkara derejesindäki sport desgalaryna eýe ýurtlar bilen şeýle mümkinçiligi bolmadyk ýurtlaryň arasynda uly tapawut bardygy bellenilýär.

FIFA bilen SFD-niň hyzmatdaşlygy halkara standartlaryna laýyk gelýän döwrebap, köp funksiýaly sport desgalarynyň taslamasyny düzmekde, maliýeleşdirmekde we gurmakda milli hökümetlere goldaw bermäge gönükdirilendir.

FIFA-nyň belleýşi ýaly, bu taslamalaryň işe girizilmegi täze iş orunlaryny döreder, ýerli telekeçiligiň ýagdaýyny gowulandyrar, jemgyýetiň agzybirligini güýçlendirer — ýaşlar üçin howpsuz, döwrebap okuw, türgenleşik we ýaryş meýdançalary dörediler.

Ýene-de okaň

Tramp Ronaldo bilen duşuşdy

PSŽ-niň goragçysy Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy boldy

Kýurasao dünýä çempionatyna gatnaşýan iň az ilatly ýurt boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatyna gatnaşjak 42 milli ýygyndy belli boldy

Norwegiýa 27 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy

Mahaçew hem rekord goýdy hem-de çempionlyk guşagyny gazandy