DÜNÝÄ

FAO Türkmenistanda wekilhanasyny açar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Sebitleýin edarasynyň Direktory Wiorel Gusu bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň FAO bilen özara hereketleriniň esasy ugurlaryna seredilip geçildi. Türkmen tarapynyň Guramanyň işine ýokary baha berýändigi hem-de oba hojalygynyň durnukly ösüşiniň we azyk howpsuzlygynyň saklanylmagy üçin çäreleriň gowulandyrylmagy ulgamynda dünýä tejribeleriniň ulanylmagyna gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygyň hem ösdürilmegine ygrarlydygy beýan edildi.

Taraplar bilelikdäki taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň işlenilip düzülmegi we olaryň doly derejede durmuşa geçirilmegi babatynda pikirleri alyşdylar. Şeýle-de taraplaryň FAO-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň açylmagy boýunça özara hereketlerini has-da işjeňleşdirmäge taýýardyklary nygtaldy.

Gepleşikleriň çäklerinde BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Sebitleýin edarasynyň Direktory 2021-nji ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen paýtagtynda geçiriljek «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygynyň we ösüşiň esasy» atly Halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyryldy.

 

Jumamuhammet Akgaýew :Tara öwrülen ömür

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Hindistan: atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 25-nji gyşky mejlisine gatnaşdy

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

FIFA Gazada 50 sany futbol stadionyny gurar

Tokaýew: Prezident Tramp adyndaky baýragy döretmegi teklip etdi

Mariýa Zaharowa: Merkezi Aziýa döwletleri Russiýanyň iň ýakyn hyzmatdaşy