DÜNÝÄ

Eýranyň täze daşary işler ministrine gutlag iberildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hoseýn Amir-Abdollahiýany Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri wezipesine bellenmegi bilen gutlady. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Eýranyň täze bellenen daşary işler ministrine iberilen gutlag hatda onuň Eýranyň täze daşary işler ministri wezipesine bellenmegi üçin ýurduň Parlamentiniň ynamyny gazanandygy aýratyn bellenilip geçildi.

Şeýle hem bu hatda iki ýurduň halklarynyň bähbidine Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň dowam etdirjekdigi bellenilip geçilipdir.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň daşary işler ministri özüniň eýranly kärdeşini täze wezipesinde üstünlikler arzuw etdi.

Mälim bolşy ýaly, Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan we wezipesine girişen Prezidenti Ebrahim Raisi Hoseýn Amir-Abdollahiýany ýurduň daşary işler ministri wezipesi üçin dalaşgär görkezdi. Ýurduň parlamentiniň deputatlarynyň 286-syndan 270-si Hoseýn Amir-Abdollahiýanyň bu wezipä bellenmegi üçin ses berdi.

Şeýlelikde, ýurduň ozalky daşary işler ministri Jawad Zarifiden soňra bu wezipä Hoseýn Amir-Abdollahiýany bellendi.

Hoseýn Amir-Abdollahiýany bu ýokary wezipä bellenmezden ozal, ýurduň Parlamentiniň Başlygynyň halkara meseleler boýunça geňeşçisi wezipesinde işledi. Şeýle hem ol ozal ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinde hem işläpdi.

 

THE: dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriň sanawy-2022

 

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň wekiliýeti üçin medeni maksatnama guraldy

Gruziýanyň Parlamentinde duşuşyk: parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary

ABŞ-nyň ýörite wekili Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

FAO-nyň Baş direktorynyň Türkmenistandaky duşuşyklary

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi