Şu gün Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň başlyklyk etmeginde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň 23-nji maslahaty geçirildi. Onlaýn tertipde geçirilen sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Sammitiň çäklerinde kabul edilen resminamalara laýyklykda, Eýran Yslam Respublikasy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna resmi taýdan agzalyga kabul edilendigi yglan edildi.
Eýran bu guramanyň 9-njy agzasy boldy. 2022-nji ýylyň sentýabrynda Samarkant şäherinde geçirilen ŞHG-niň sammitinde Eýranyň gurama agzalyga kabul edilmegi mynasybetli ähtnama gol çekilipdi.
Guramanyň Pekin şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Eýran Yslam Respublikasynyň baýdagyny belende galdyrmak dabarasy boldy. Bu hem Eýranyň guramanyň resmi agzasy bolandygynyň subutnamasydyr.
2023-2024-nji ýyl üçin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň başlyklygy Gazagystan Respublikasyna geçdi.
