BILIM

Eýranyň ilçisi pars dili hünärinde okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdy

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani we Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi ýokary okuw mekdebiniň rektory bilen duşuşyp, onuň çäginde pars dili hünärinde okaýan talyplar bilen duşuşdylar.

Şeýle-de, Medeniýet merkezi tarapyndan birnäçe kitap, ýagny Saadynyň türkmen diline terjime edilen goşgylary, Mollanepesiň, Andalybyň pars diline terjime edilen goşgulary, başga-da birnäçe şahyrlaryň şygyrlary, pars dilini okatmagyň usulyýetine degişli kitaplar sowgat edildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky medeniýet hem-de ylym – bilim babatynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek babatynda pikir alşyldy.

Şeýle-de ýokary okuw mekdebiniň pars dili hünärinde okaýan talyplaryň we mugallymlaryň dil bilimi derejelerini has-da ýokarlandyrmak babatynda hünär kämilleşdiriş sapaklarynyň geçirilmegi ara alynyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy