DÜNÝÄ

Eýran Täjigistana sebit üçin umumy pul birligini döretmegi teklip etdi

Eýran Täjigistana sebite degişli umumy pul birligini döretmegi teklip etdi. “Sputnik Täjigistan” neşiriniň “Telegram” kanaly habar berşi ýaly, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bu başlangyç bilen Tähranda Täjigistanyň içeri işler ministri Ramazan Rahimzoda bilen duşuşyk wagtynda çykyş etdi.

“Bu taslama tutuş sebitiň ykdysady ösüşine goşant goşar” diýip, Eýranyň lideri aýtdy.

Şeýle hem taraplar iki ýurduň telekeçileriniň hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin gurama döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan-Ýaponiýa: suwuklandyrylan gazdan gelium gazyny öndürmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi