BIZNES

«Ever Given»-iň azatlygynyň bahasy 540 müň dollar

Şu mart aýynda Sues kanalyndaky hereketiň alty günläp saklanmagyna sebäp bolan «Ever Given» konteýnerowozy 7-nji iýulda kanaly terk eder. Bu barada karara gämä eýelik edýän kompaniýanyň kanalyň dolandyyrşyna 540 müň dollar kompensasiýa tölegini geçirmäge razy bolandan soňra gelindi.

Bu barada dünýä metbugatynda berilýän habarlarda «7-nji iýulda kanalyň dolandyryşy bilen gämä eýelik edýänleriň arasynda şetnama baglaşmak çäresi geçiriler. Şondan soň «Ever Given» kanaly terk eder» diýlip ýazylýar.

Bu barada ilkinji gezek 30-njy iýunda «Al Arabiya» teleýaýlymy habar beripdi. Ýaýlym öz çeşmelerine daýanyp, gämä eýelik edýän kompaniýanyň kanala ýetiren maddy zyýany üçin 540 müň dollar tölemäge razy bolandygyny aýtdy.

Ýeri gelende ýatlasak, Hytaýdan Niderlandlar Patyşalygynyň Rotterdam şäherine sary ýüze 400 metrlik konteýner gämisi 23-nji mart güni Suesde dykylyp galdy. Ony ýerinden gozgamak we Ýewropanyň iň ähmiýetli kanalyndaky herekete gaýtadan badalga bermek üçin alty gün gerek boldy. Şol günlerde kanalyň iki tarapynda oňa girmek isleýän gämileriň uzyn hatary emele geldi. Kanaldaky hereket 3-nji aprel güni doly dikeldildi.

Gämi tä oňa eýelik edýän kompaniýa kompensasiýa tölegini geçirmäge razy bolýança, kanalyň dolandyryşy tarapyndan saklanyldy.

Birža täzelikleri: Singapuryň telekeçileri tehnik kükürdü satyn aldy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler