MEDENIÝET

Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Şu günler ýurdumyzyň döredijilik topary Ermenistan Respublikasynda saparda bolýarlar. 31-nji maý-2-nji iýun aralygynda Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Ýerewandaky Aram Haçaturýan adyndaky konsert zalynda geçiriler.

Şeýle hem bu medeni çäräniň çäklerinde Owanes Şarambeýan adyndaky halk sungaty muzeýinde ýurdumyzyň amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň sergisi guraldy.

Medeniýet günleriniň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň durmuş ýoluna bagyşlanyp surata düşürilen  “Magtymguly” atly çemper film ermeni tomaşaçylaryň dykgatyna ýetiriler. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň durmuş ýoluna bagyşlanyp ylmy maslahat geçiriler, bu dabara Ýerewanyň döwlet uniwersitetinde bolar.

2-nji iýunda Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy bolup, Ermenistanyň Artaşat şäherindäki Amo Hazarýan adyndaky drama teatrda türkmen sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti bolar.

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi