JEMGYÝET

Ýene-de Gün dogdy…

Dogup gelýän güni garşy almak üçin maňa ýene bir güni peşgeş beren Hudaýa müň şükür. Täze başlangyçlaryň, durmuş özgertmeleriniň başlanýan täze gününde arzuwlaryň hasyl bolmagyny,  maksatlaryň myrat tapmagyny Beýik Biribardan diläp, ýerden ýaňy galan Güni synlap durşuma ýyldyrym tizliginde aňyma bir pikir geldi…
Gün dogdy…
Her bir adamyň özüne has ýaşaýyş prinsipleri bolýar. Meniň hem şeýleräk düzgünim bardy. Bir kitaba, bir işe (uzak wagtlyk dowam etjek), durmuşymy  özgerdip biläýjek islendik meselä başlamagy ýa-da bir erbet häsiýetimi taşlamagy ýylyň, aýyň, käte bolsa hepdäniň 1-nji gününe goýardym. Köplenç, has ähmiýetli işlere 5-nji güni başlardym. “Täze ýyldan gündelik ýazyp başlajak, indiki aýdan sport zala gatnajak, 1-nji günden başlap az gürlejek…” şuňa meňzeş durmuş planlarymy başlamak üçin “aýratyn güne” garaşardym. Bir ýyly nähili garşy alsaň ýa-da şol ýylyň ilkinji gününi nähili başlasaň tutuş ýyl şeýle bolýar diýen düşünje meniň aňyma berk ornaşypdyr. Hut şol pikir hem täze aýyň  we hepdäniň  gowy bolmagy onuň ilkinji gününe bagly diýen düşünjäniň beýnimde kemala gelmegine sebäp boldy.
Ine, häzirki gelen pikir hem meniň şol durmuş ýörelgämi üýtgemegine getirdi. Näme üçin “Gün dogdy” diýýäris? Ata-babalarymyz näme üçin “Gün dogdy” diýdilerkä?  Belki, her güne misli çaga deý “täzeden doglup” başlamagymyz üçindir. Geçen günlerimizdäki şowsuzlyklardyr göwnedegişmeleri unudyp, Gün bilen biz hem täzeden doglup başlamaly diýen manyda “Gün dogdy” diýendirler. “Günüň dogşy” bilen “çaganyň dogluşyndaky” şeýle parallellik  meniň öňki ýörelgämi üýtgetdi. Indi, öňküler ýaly “ilkinji ýa-da aýratyn güne” garaşmazdan, her bir täze başlangyja pikiriň döräninden ony akyl eleginden eläp, düzgünleşdirip ertesi güni başlaýaryn. Internetde we beýleki birnäçe durmuş kitaplarynda “şu wagtdan, edil şu sekuntdan başlaň” diýen ýaly birnäçe pikirler hem bar diýmegiňiz mümkin. Ýöne durmuşyňy özgertjek işleriňi şu gün meýilleşdirip “täze gün” bilen täze planlara başlasak gowy bolar diýip pikir edýärin…
Size-de her säher Gün bilen bile doglup, göwünleriňiziň we günleriňiziň çaga kalby ýaly päkize, asuda, rahat bolmagyny arzuw edýärin!
…Dogup gelýän güni garşy almak üçin maňa ýene bir güni peşgeş beren Hudaýa müň şükür. Täze başlangyçlaryň, durmuş özgertmeleriniň başlanýan täze gününde arzuwlaryň hasyl bolmagyny,  maksatlaryň myrat tapmagyny Beýik Biribardan dileýän…
Ýene-de Gün dogdy…

Sähetmyrat SÄHEDOW

 

Ýene-de okaň

Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetini belledi

“Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň konsepsiýasyny” kabul etmek teklip edildi

Kosmosda 1111 gün: Oleg Kononenkodan taryhy rekord

Wiktor Orban: wenger-türkmen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürilýär

Ýun Sok Ýol: Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz täze derejä çykaryldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlandy