TEHNOLOGIÝA

Emeli aňyň giň mümkinçilikleri: tekstden wideo taýýarlamak

Emeli aň ulgamynda köp sanly dürli taslamalary durmuşa geçirýän “OpenAI” kompaniýasy täze tehnologiýany tanyşdyrdy. Ol hem tekst kesgitlemeleri boýunça ýokary hilli wideo ýazgylary döretmekden ybaratdyr.

Kompaniýa bu babatda birnäçe gysga göwrümli wideoýazgylary işläp çykardy. Ol ýerde garly meýdanlarda ýöräp barýan mamontlar, kenardkay dag eteklerine gelip urýan umman tolkunlary, gündelik durmuş bilen gümra bolýan admalary, kitap okaýan, ýa-da şäher köçelerinde ýöräp barýan adamlar boýunça wideolar görkezildi.

Emeli aň ulgamynda ýöriteleşen bu kompaniýa täze ulgamyna “Sora” diýip at berdi. Ol ýazgyly tekst kesgitlemelerini kabul edýär we emeli aň ulgamy bilen wideolary işläp düzýär.

“OpenAI” kompaniýasy “Alphabet” kompaniýasynyň düzümine girýän “Google” we “Meta Platformalary” ýaly emeli aň ulgamyndaky täze işläp düzmeleri bilen peýda gazanmagy maksat edinýär.

“Microsoft” kompaniýays tarapyndan goldanylýan “OpenAI” kompaniýasy “ChatGPT AI” çat-botunyň döredijisidir.

“OpenAI” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Sem Altman “X” (ozalky Twitter) ulanyjylaryndan “Sora” ulgamy üçin tekst kesgitlemelerini ibermegi haýyş etdi.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi