TEHNOLOGIÝA

Elektrikli awiasiýa üçin strategiýa

Şwesiýada awiasiýa ulgamyny elektrik energetikasyna geçirmek babatda taýýarlanan strategiýa kabul edildi. “Swedavia” kompaniýasy ýurduň howa menzilleriniň döwlet operatory bolup çykyş edip, elektrikli awiasiýa strategiýasyny makullady.

Bu strategiýa laýyklykda ýurduň çäginde hereket edýän 10 howa menzilini elektrik tokly hereketlendiriji bilen işleýän uçarlara hyzmat bermek üçin taýýar derejä getirmek göz öňünde tutuldy. Şeýle hem bu ugurdaky ilkinji uçuşy 2025-nji ýylda amala aşyrmak meýilleşdirildi.

“Swedavia” kompaniýasy şu ýylyň güýzünde Ore-Estersund howa menzilinde elektrikli uçarlaryň synagyny geçirmäge girişer. Bu howa menzilinden uçan uçar Norwegiýanyň Rerus howa menziline gonar. Bu iki howa menzili Ýewropa Bileleşiginiň “Ýaşyl ýol” taslamasy esasynda synag üçin taýýar edildi. Şeýle hem Şwesiýa bilen Finlýandiýanyň arasynda bu ugurda synag uçuşlaryny amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

“TikTok” ABŞ-daky aktiwlerini satmak boýunça ylalaşyk baglaşdy

Hytaýda ýol polisiýa işgärleri emeli aň äýnekleri ulanyp başlady

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi