TEHNOLOGIÝA

Elektrikleşdirilen demir ýollary gurmak boýunça teklipler taýýarlanar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti ulag toplumynyň ýolbaşçylaryna ulag we kommunikasiýa pudagyny ösdürmekde üstaşyr geçelgeleriň ugurlaryny giňeltmek, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak we hilini gowulandyrmak, ulaglaryň, aragatnaşygyň ähli görnüşi babatda hyzmatlary ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işleri geçirmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysyna demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak üçin elektrikleşdirilen demir ýollary gurmak boýunça degişli teklipleri taýýarlamak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz awtoulag kärhanalarynyň parkyny döwrebap awtobuslar, taksiler we dürli görnüşli ýük awtoulaglary bilen yzygiderli üstüni ýetirmek boýunça işleri dowam etdirmegi, elektromobilleri awtoulag ulgamyna ornaşdyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi geljegi uly meýilnamalaryň hatarynda görkezdi. Howa gatnawlaryny çäklendirmelerden öňki derejelerine ýetirmek, täze, ykdysady taýdan has amatly bolan ugurlar boýunça halkara howa gatnawlaryny açmak, ýük daşalýan ugurlary giňeltmek boýunça işleri dowam etdirmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi