SIZDEN GELENLER

El hünari il gezer

Şu gün paýtagtymyzda däp bolşy ýaly, ýagny  maý aýynyň 24-ne “Ak şäherim Aşgabat” atly XX köpugurly halkara sergi geçirildi. Bu sergi Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan  gurnaldy. Sergä  Türkmenistanyň ministrlikleri, pudak edaralary, daşary ýurt kompaniýalary, firmalar we telekeçiler gatnaşdylar. Olar sergide özleriniň üstünlikleriniň nyşanlaryny, öndürýän önümlerini we hyzmatlaryny halka tanyşdyrdylar. Şular bilen bir hatarda sergä gatnaşyjylaryň ünsüni has-da çeken türkmen   halkynyň gadymy taryhyndan öz gözbaşyny alyp gaýdýan  el işleriniň sergisi  we häzirki zaman türkmen lybaslarynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Ýagny, bu dabarada “Nagyşly güzer”, “Nur Ýüpek”, “Abadan”  hem-de “Mährem zenan”  tikinçilik öýleri özleriniň lybaslar toplumy  bilen  çykyş etdiler. Sergä hödürlenen lybaslar halkymyzyň milliliginiň döwrebap nusgalary bilen sazlaşykly biçüwde edilendikleri üçin has-da  öwüşgünli göründi. Olaryň taýýarlan köýnekleri, iş eşikleri we elde ýerine ýetirilýän keşde, monjuk we gaş düzülen ýakalary sergä hem-de tanyşdyryş dabarasyna gatnaşýanlaryň ünsüni çekdi. Bu halkara sergi  ýurdumyzyň durmuş ykdysady ösüşinde gazanylan,  halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen üstünlikleri  bilen tanyşdyrdy.

Aşgabat şäherini Aziýanyň merjen şäherine öwüren hem-de, bütin türkmen halkynyň ajaýyp durmuşda ýaşamagy üçin şeýle  giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyşymyz çäksizdir! Goý Hormatly Prezidentimiziň jany sag , başy dik  il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri mundan beýläkde üstünliklere beslensin!

 

                                                        Aýbölek AMANGELDIÝEWA,   

                                                   Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň   

                                                   Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy 

                                                   fakultetiniň III ýyl talyby.

 

 

 

Ýene-de okaň

Internet torunyň orny we ähmiýeti

Iňlis dili-täze mümkinçilikler

Beýik Seljuk döwletinde bilimiň gurnalmagynda Mälik şanyň hyzmatlary

Bilim – ösüşleriň berk binýady

Dil öwrenmek-asylly ýörelge

Dil bilmek ylymlaryň açarydyr

Ata Watan Eserleri