BIZNES

Eksportda sertifikatlaşdyrmak aradan aýryldy

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Şonda «Eksport edilmegi bilen bagly Türkmenistanyň gümrük çäginden daşyna çykarylanda sertifikatlaşdyrylmaga degişli önümleriň Sanawyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 5-nji fewralynda çykaran 14594-nji kararyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Kararyň taslamalaryny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

«Eksport edilmegi bilen bagly Türkmenistanyň gümrük çäginden daşyna çykarylanda sertifikatlaşdyrylmaga degişli önümleriň Sanawyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 5-nji fewralynda çykaran 14594-nji karary bilen tassyklanan Sanawda Uglewodorod önümleri, Oba hojalyk önümleri, Himiýa senagatynyň önümleri we Gurluşyk materiallary we senagat önümleri Eksport edilmegi bilen bagly Türkmenistanyň gümrük çäginden daşyna çykarylanda sertifikatlaşdyrylmaga degişli önümler diýip bellenilýärdi.

Habar berlişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, şol resminamalar «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugy, Döwlet gümrük gullugy hem-de degişli pudaklaýyn edaralar bilen bilelikde taýýarlanyldy, şeýle hem beýleki käbir düzümler bilen bellenilen tertipde ylalaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda sertifikatlaşdyrma döwletleriň arasynda söwda, önümçilik gatnaşyklary, şeýle hem hil ölçegleri babatda hyzmatdaşlyk bilen bagly esasy meseleleri çözmekde möhüm orun eýeleýär diýip belledi. Halkara işewürlik gurşawynda häzirki ýagdaýlar oňa gatnaşyjylaryň hojalyk-ykdysady işiniň gurallaryny döwrüň zerurlyklaryna kybap getirilmegini talap edýär.

Şunda hödürlenilýän hyzmatlaryň, harytlaryň ýa-da öndürilýän önümleriň hil derejesine, şeýle hem geljekki müşderiler we hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň sowatly strategiýasyna uly ähmiýet berilýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda işleri has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen Karara gol çekip, resminamalary wise-premýere elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly iberdi hem-de şol kadalaşdyryjy namalaryň ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň suw üpjünçilik ulgamy döwrebaplaşdyrylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly gurlar

Türkmenistan Halkara sergiler býurosynyň Baş Assambleýasynyň mejlisine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen wekiliýeti Stambulda geçirilýän «Halal EKSPO ─ 2024» atly sergisine gatnaşýar

Türkmenistan bilen «Visa» kompaniýasy 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmen-owgan duşuşygy: wagtlaýyn port gurlar