JEMGYÝET

“EKSPO-2023 Doha”: 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Milli güni geçiriler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzesi kabul etdi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada pikir alşyldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň soňky ýyllarda halkara derejesinde geçirilýän sergilere, hususan-da EKSPO gözden geçirişlerine işjeň gatnaşýandygy mälim edildi. “Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” barada habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzesi onuň ýolbaşçylygyndaky edaranyň ýakyndan ýardam bermeginde Kataryň paýtagty Doha şäherinde öz işine başlan “EKSPO-2023” halkara sergisiniň açylmagy bilen gutlady.

Bu halkara sergä Türkmenistan hem öz sergi diwarlygyny açdy. Bu ýerde şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Milli gününi geçirmek meýilleşdirilýändigi bellenildi.

Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen durmuşa geçirilýän bilelikdäki işlere ýokary baha berip, 2014-nji ýyldan bäri Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýandygyny belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Putin bilen Tramp telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanda birnäçe kodekslere we kanunlara üýtgetmeler giriziler

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “BMG-niň oýunlary-2026” badalga aldy

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary